Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany umumybilim berýän mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Size we Siziň ýakynlaryňyza täze ýylda bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda dowam edýän iş saparynyň barşynda Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär.
Geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary özygtyýarly döwletimiziň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran netijeli işleri — dürli görnüşlerde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan forumlar munuň aýdyň mysallarydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.