Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewany Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Maksat Begençewiç Çaryýewi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.