05.05 2026

Şu ýylyň aprel aýynda guralan saparlar, geçirilen dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň barha artýan halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesidir.

05.05 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

05.05 2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi.

04.05 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

04.05 2026

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. 

04.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

04.05 2026

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdşeligi boldy.

04.05 2026

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

04.05 2026

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

03.05 2026

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ruhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, milli medeni mirasyň dünýäde wagyz edilmegi ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy.

1474 sahypa
Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi