14.07 2023

Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

14.07 2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.

13.07 2023

 «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady.

13.07 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

12.07 2023

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, oba hojalyk işleriniň barşy we bu ugra degişli beýleki meseleler Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň, iş maslahatlarynyň gün tertibine girizilýär. Döwlet Baştutanymyz 10-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak, gowaça we şaly ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň, şugundyr ekişiniň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

12.07 2023

Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

12.07 2023

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagy geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birleşmäniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem hususy ulgamy goldamak boýunça çäreler, birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11.07 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty syn berilýän aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň aýry-aýry döwletleriň we abraýly guramalaryň wekilleri bilen geçiren syýasy geňeşmelerinde, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklarynda, sergilerde, işewürlik maslahatlarynda, medeni çärelerde öz beýanyny tapdy.  

11.07 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


10.07 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi