Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk,
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen hepdede ýurdumyzda halkymyzyň jebisligini, häzirki nesliň pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyran Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan şöhratly bedewlerimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Ýewropanyň döwletleri bilen oňyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.