18.04 2023

Mähriban eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy we medet beriji sözlerimi beýan edýärin.

18.04 2023

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

18.04 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.

17.04 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

17.04 2023

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

17.04 2023

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

16.04 2023

Sizi ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16.04 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada we ýurduň ähli halkyna Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16.04 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II-ä Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16.04 2023

Size we Siziň ýakynlaryňyza mähriban eneňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY