Baş sahypa
\
Sport
\
Bedew baýramyna bagyşlanan atly ýöriş
Sport
Bedew baýramyna bagyşlanan atly ýöriş
Çap edildi 20.04.2022
3184

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy bellenilýär.

Şu bayram mynasybetli dürli çerelere badalga berildi. Şolaryň hatarynda uzak aralyga atly ýöriş geçirildi.

Aşgabat-Mary ýolunyň kesgitlenen böleginde 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atlary gatnaşdylar. Jemi 20 sany ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşa goşulmagy bilen uzak aralygy geçmegi maksat edinip, pellehana ýetmek ugrunda bedewlere atlanan çapyksuwarlar ezberlik we ussatlyk bilen hereket etdiler.

Pellehana her biri 30 kilometrden ybarat bolan iki bolekden ybarat bolup, Köpetdagyň gözel ýerlerinden geçdi. Aralyk pellehanada atlary weterinar lukmanlar gözden geçirdiler, şondan soň ýaryşyň ikinji bölümi başlandy.

Ezberlik we ussatlyk bilen hereket etdýän çapyksuwarlar ýaşlykdan başlap eýeriň üstünde oturmagy öwrenip, türkmen çapyksuwrlarynyň asylly däplerini dowam etdirýärler.

Jenneti bedewleriň we belli atşynaslaryň şöhratly ýoly barada gürrüň berýän Gahryman Arkadagymuzyň bedewler hakyndaky kitaby çapyksuwarlary türgenleşdirmekde we olaryň gündelik işlerinde gymmatly gollanma bolup durýar.

Aralygyň uzaklygy çapyksuwarlardan bedewe erk etmegiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagy talap edýär. Şoňa görä-de olar atlanan bedewleri bilen bir jan-bir ten bolup sazlaşykly hereket edýärler.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga guralan atly ýörişiň netijeleri jemlenende şeýle görkezijiler yglan edildi. Pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşgur diýen at gelmegi başardy, ol bellenen aralygy 2 sagat 41 minut 58 sekuntda geçdi. Pellehana ikinji bolup gelen Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Garaduman diýen bedewi bellenen aralygy 2 sagat 42 minut 23 sekuntda geçmegi başardy. Pellehanadan üçünji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gaýduw diýen bedewi geçmegiň hötdesinden geldi, ol bellenen 60 kilometr aralygy 2 sagat 44 minut 46 sekuntda geçmegi başardy.

Şeýlelikde, döwürleri we menzilleri özüne boýun egdiren ganatly bedewler dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanyp, döredijilik kuwwatyny, zähmet sazlaşygyny, döredijilik başlangyçlaryny, gözelligi we hoşniýetliligi özünde jemleýär. Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ajaýyp “behişdi bedewlerimiziň” kuwwaty bilen beýik maksatlara, halklaryň abadançylygynyň, Ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine tarap barýan ýolumyzy ýagtyldyp, belentliklere çykýarys diýip, guwanç bilen aýdyp bileris.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow