Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Hasyl toýy bilen gutlady
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Hasyl toýy bilen gutlady
Çap edildi 12.11.2017
2142

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde Türkmenistanda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlarymyz şu ýyl pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdiler. «Ak altyn» ussatlarymyzyň geljekde mundan hem ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn-diýlip, gutlagda bellenilýär. Türkmenistan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Biz beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris, çünki ol döwletimiziň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Biz babadaýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen babadaýhanlaryň ýeňillikli bahalardan üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän alada halal zähmet çekmek bilen jogap berip, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ykdysady taýdan ýeňillikler bilen üpjün edilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we Ýer eýeleriniň çekýän zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr- diýlip, gutlagda aýdylýar. Gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan babadaýhanlara geljekde hem halal baýamak, çekýän zähmetiniň hözürini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak, şeýle hem ýaş, başarjaň daýhan neslini kemala getirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde hem dowam ederis-diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda nygtalýar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow