Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Jemgyýet
1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Çap edildi 08.12.2017
2213

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adam türkmen raýatlygyny kabul etdi. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Wise-premýer, DIM-niň ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, adamlaryň, şol sanda belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. 2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we hiç bir döwletiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň 6 müň 455-siniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi we ygtyýarlykly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan 1 müň 690 adamynyň haýyşlary nazarda tutulyp, olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olar 21 milletiň wekilleridir. Olaryň hatarynda 1165 uly adam we 18 ýaşyna ýetmedik 525 adam bar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekip, ýurdumyzyň raýatlary bolan adamlary tüýs ýürekden gutlady we olara maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek işine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow