Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Baýramçylyk günleri durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işi guralar
Jemgyýet
Baýramçylyk günleri durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işi guralar
Çap edildi 22.12.2017
2077

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde jemagat hojalygy gulluklarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulagynyň, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlerini guramagy üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen baýramçylyk günleri nobatçylyklary guramak, şeýle hem olaryň tertibini taýýarlamak meseleleerini ara alyp maslahatlaşmk üçsin maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welýat häkimlerine hem şeýle tabşyryk berip, baýramçlyk günlerinde her bir häkimlikde, ministrlikde we pudak edarasynda nobatçylaryň bellenilmelidigini tabşyrdy. Wise-premýer B.Annameredowa tutuş ýurdumyz boýunça nobatçylyklary guramagyň tertibini taýýarlamak hem-de ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna bolsa türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramçylyklaryny asuda we şatlykly ýagdaýda geçirmeklerini üpjün etmek üçin berk tertip – düzgüni üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow