Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­tan­da oba sag­ly­gy go­raý­şy — hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň de­re­je­sin­de
Jemgyýet
Türk­me­nis­tan­da oba sag­ly­gy go­raý­şy — hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň de­re­je­sin­de
Çap edildi 27.12.2017
2191

Şu gün Ka­ka et­ra­by­nyň Du­şak şä­her­çe­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­larda­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de bi­na edi­len ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Da­ba­ra et­ra­byň do­lan­dy­ryş eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy­lar. Ola­ry tä­ze dur­muş des­ga­sy­nyň ulan­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy bi­len gut­la­ma­ga Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry gel­di­ler. Da­ba­ra däp bo­ýun­ça aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar­dan baş­lan­dy: be­ze­len Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň tö­we­re­gin­dä­ki meý­dan­ça­da aý­dym­çy­lar hem-de et­ra­byň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry bu wa­ka ba­gyş­lap taý­ýar­lan aý­dym-saz­ly, tans­ly çy­kyş­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Res­mi açy­lyş da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly myh­man­lar, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar hem-de kü­müş saç­ly ene­ler halk ba­ra­da­ky yzy­gi­der­li ala­da­sy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti hem-de dün­ýä­de uly ab­ra­ýy bo­lan döw­le­te öw­rül­di. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şä­her­ler­de we oba­lar­da gur­lan, ila­ta ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän iň döw­re­bap ýo­ka­ry teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze-tä­ze luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri al­nyp ba­ryl­ýan şol iş­le­riň yzy­gi­der­li­di­gi­niň we üs­tün­lik­li­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de Mej­li­siň ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ser­dar Berdimuhamedow çy­kyş edip, jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şyň ösüş de­re­je­si­niň ila­tyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­niň, döw­let gur­lu­şy­nyň nus­ga­sy­nyň we dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu ul­gam­da döw­le­tiň alyp bar­ýan işi­niň özeninde yn­san­per­wer öl­çeg­lere gym­mat­ly ma­ny-maz­mu­ny ber­ýän baş ala­mat­lar dur­ýar. Ol bol­sa “Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy” di­ýen dü­şün­je bi­len kes­git­le­nil­ýär. Ila­tyň zäh­me­te ukyp­ly­ly­gy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly bo­lan onuň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň, umu­man, döw­le­tiň yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­ne tä­sir ed­ýän­di­gi gür­rüň­siz­dir. Ýö­ne türk­men döw­le­ti­niň Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň esa­syn­da di­ňe bir oý­la­ny­şyk­ly halk ho­ja­lyk mak­sat­la­ry dur­man, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, her bir ada­myň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, öz wag­tyn­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny al­ma­ga, ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne deň el­ýe­ter­li­li­ge bo­lan aý­ryl­maz we mi­ze­mez hu­ku­gy dur­ýar. Mu­nuň özi “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň yn­san­per­wer ugur­ly­ly­gy­dyr. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň düýp ma­ny­sy ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň di­ňe bir luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na de­giş­li bo­lup gal­ma­gyn­dan çy­kyp, esa­syn­da adam, onuň aba­dan­çy­ly­gy, my­na­syp ýa­şaý­şy du­ran dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň äh­li ta­rap­la­ry­ny we ugur­la­ry­ny öz içi­ne alyp, jem­gy­ýet­çi­lik, döw­let hem-de şah­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň de­re­je­si­ne çy­kan wag­ty Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de giň­den açyl­dy. Öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan çy­kyş eden luk­man­la­ryň nyg­taý­şy ýa­ly, pu­da­ga ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, yg­ty­ýa­ryn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we en­jam­lar bo­lan luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň dün­ýä möç­be­rin­de ga­za­ny­lan­la­ryň de­re­je­si­ne çyk­ma­gy­nyň mö­hüm ýag­da­ýy bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi, şol san­da Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len we ýo­ka­ry ba­ha ber­len anyk gör­ke­zi­ji­ler bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Şun­da oba luk­man­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri hem öz çy­kyş­la­ryn­da hal­kyň saý­lan­la­ry­nyň — Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň öz­gert­me­le­ri­ni öňe iler­let­mek­de hem-de ýer­ler­de dur­muş me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gin­de go­şan­dy­ny bel­le­di­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Du­şak şä­her­çe­sin­dä­ki tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi su­but­na­ma bol­dy. Şeý­le eda­ra­nyň dö­re­dil­me­gi par­la­ment­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň 24-nji saý­law ok­ru­gy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Ser­dar Berdimuhamedowdan yh­las­ly­ly­gy­ hem-de mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy­ ta­lap et­di. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bu ke­sel anyk­la­ýyş-öňü­ni alyş eda­ra­sy­nyň açyl­ma­gy­nyň dur­muş äh­mi­ýet­li wa­ka­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar, çün­ki oba ýa­şaý­jy­la­ry ozal­lar bar­lag­dan geç­mek üçin wagt­la­ry­ny we se­riş­de­le­ri­ni sarp edip, paý­tag­ta git­mä­ge mej­bur bol­ýar­dy­lar. Sag­lyk eda­ra­sy­ny gur­mak­dan we en­jam­laş­dyr­mak­dan baş­ga-da, ony iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­si hem çö­zül­di. Bu bol­sa ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne el­ýe­ter­li­li­gi­ni art­dyr­dy. Soň­ra baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan sow­gat­la­ryň gow­şu­ryl­ma­gy bi­len do­wam et­di. Türk­men toý­la­ry­na mah­sus bol­şy ýa­ly, da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­ne duz-ta­gam hö­dür edil­di. Şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar as­tyn­da tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň baş gi­rel­ge­sin­de toý ba­gy ke­sil­di. Şol pur­sat as­ma­na ho­wa şar­la­ry uçu­ryl­dy. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar baş bi­na gi­rip, iş­gär­le­riň iş­le­me­gi hem-de adam­la­ry ka­bul et­mek üçin bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy­lar. Tas­la­ma­ny Ahal we­la­ýa­ty­nyň düýp­li gur­lu­şyk bö­lü­mi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça “Suh­rab” hu­su­sy kär­ha­na­sy ama­la aşyr­dy. Has­sa­ha­na 375 or­na ni­ýet­le­nip, on­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ila­ty­na ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Has­sa­ha­na­nyň 110 orun­lyk esa­sy bi­na­syn­da rea­ni­ma­si­ýa, ope­ra­si­ýa, ka­bul ediş-anyk­la­ýyş bö­lüm­le­ri bo­lup, bar­lag­ha­na­la­ry hem-de ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça 55 orun­lyk bö­lü­mi özün­de jem­le­ýär. Şeý­le hem na­har­ha­na we kir ýu­wu­jy bö­lüm bar. Mun­dan baş­ga-da, ýe­ne-de iki gat­ly bi­na­la­ryň üçü­si gu­rul­dy. Olar­da ça­ga we beý­le­ki bö­lüm­ler, do­lan­dy­ryş bi­na­sy ýer­leş­di­ril­di. Teh­ni­ki top­lum­lar: aw­to­du­ral­ga, trans­for­ma­tor, ka­bel, ga­lyn­dy­la­ry zy­ýan­syz­lan­dyr­mak üçin des­ga­lar gu­rul­dy. Has­sa­ha­na­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ne ni­ýet­le­nip, agyz su­wy üçin uzyn­ly­gy 14 ki­lo­metr bo­lan suw ge­çi­ri­ji, ­şeý­le hem uzyn­ly­gy 7,5 ki­lo­metr bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji çe­kil­di, ze­rur bo­lan in­že­ner­çi­lik-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry bi­na edil­di. Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk top­lu­my Ger­ma­ni­ýa­da, Şweý­sa­ri­ýa­da, Ita­li­ýa­da, Fran­si­ýa­da, ABŞ-da ön­dü­ri­len teh­ni­ki we luk­man­çy­lyk en­jam­lary hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. My­sal üçin, şöh­le bi­len anyk­la­ýyş bö­lü­min­de mag­nit-re­zo­nans to­mog­ra­fy­nyň kö­me­gi bi­len ke­se­li ta­kyk anyk­la­mak üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­di. Bar­lag ge­çir­me­giň şeý­le usu­ly­nyň gym­mat­lyly­gy adam üçin do­ly di­ýen ýa­ly zy­ýan­syz bol­ma­gyn­da­dyr. Bö­lüm­de bar­lag­la­ryň giň top­lu­my ge­çi­ril­ýär hem-de ýüz tut­ýan­la­ra has oňaý­ly bol­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. MRT-anyk­laý­şyň kö­me­gi bi­len bir­nä­çe ke­sel­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bol­ýar. Bu­lar dür­li so­wuk­la­ma ýag­daý­la­ry we çiş­ler, gan aý­la­nyş we nerw ul­gam­la­ryn­da­ky me­se­le­ler­dir, oňur­ga­nyň we bo­gun­la­ryň agy­ry­la­ry hem-de beý­le­ki­ler­dir. Köp ýag­daý­da bu usul di­ňe bir pa­to­lo­gi­ýa­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga däl, eý­sem, onuň ge­lip çy­ky­şy­ny anyk­la­ma­ga we de­giş­li­lik­de, öz wag­tyn­da dog­ry be­jer­gi­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň bar­lag­dan ge­çi­şi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga hem-de ke­sel­le­ri has ir­ki dö­wür­le­rin­de ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Kli­ni­ki bar­lag­ha­na­da umu­my, im­mu­no­fer­ment, bio­hi­mi­ýa, se­ro­lo­gi­ýa, pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa, bak­te­rio­ko­pi­ýa we mo­le­kul­ýar-ge­ne­ti­ki bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Gan ban­ky hem dö­re­di­lip, ol ýer­de plaz­ma taý­ýar­la­mak, erit­ro­si­tal ag­ram, ga­nyň to­pa­ry­ny kes­git­le­mek we re­zus-ýag­daý üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Rea­ni­ma­si­ýa we anes­te­zio­lo­gi­ýa bö­lü­min­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz kö­mek ber­mek we has­sa­la­ry be­jer­mek üçin hem­me müm­kin­çi­lik­ler bar. Ope­ra­si­ýa ediş, mas­la­hat be­riş-anyk­la­ýyş bö­lü­mi hem-de ýa­tym­la­ýyn otag­lar aja­ýyp gör­nüş­de en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu ýer­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­lar bi­len okuw geç­mek üçin ders otag­la­ry hem en­jam­laş­dy­ryl­dy. Par­ta­lar­dan, owa­dan gör­kez­me es­bap­lar­yndan hem-de okuw se­riş­de­le­rin­den baş­ga-da, ça­ga­lar üçin okuw mak­sat­na­ma­la­ry bo­lan net­buk­lar gur­nal­dy. Mek­dep­de be­ril­ýän ders sa­gat­la­ry­ny syp­dyr­man öz­leş­dir­mek­de ter­bi­ýe­çi ola­ra kö­mek eder. Net­buk­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sow­ga­dy­dyr. Mer­ke­ziň çäk­le­rin­de gi­je-gün­diz iş­le­ýän der­man­ha­na hem açyl­dy. Tä­ze has­sa­ha­na­da tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi gul­lu­gy­nyň işi hem ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň üçin ýö­ri­te aw­tou­lag sa­tyn alyn­dy. Du­şak şä­her­çe­si­niň sag­lyk mer­ke­zi­niň luk­man­la­ry Tä­ze ýy­la aja­ýyp sow­gat üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, berk jan sag­lyk, uzak ömür hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. Maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy­ny, sag­ly­gy go­ra­ýy­şyň il­kin­ji kö­mek be­riş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de hem oba­da uly iş­ler ge­çi­ril­di we ama­la aşy­ryl­ma­gy do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de tä­ze sag­lyk öý­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si gu­rul­dy, ola­ryň äh­li­si hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän hem-de ke­se­li tiz anyk­la­ma­ga, ke­se­liň agyr­laş­ma­gy­ny we çyl­şy­rym­laş­ma­gy­ny öňün­den duý­dur­ma­ga, öz wag­tyn­da be­jer­gi ge­çir­mä­ge hem-de has­sa­la­ryň ýaşaýyş dur­mu­şy­nyň hi­li­ni sak­la­mak we ömrüni uzalt­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Şeý­le­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan oba sag­ly­gy go­ra­ýyş öz­gert­me­si öz anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu­lar ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň gi­ňel­dil­me­gi we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­dyr, öňü­ni alyş iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi öz içi­ne al­mak­da köp­çü­li­giň gat­naş­ma­gy­nyň art­ma­gy­dyr, ýer­leş­ýän ýe­ri­niň ýa­kyn­laş­ma­gy bi­len ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň has do­ly el­ýe­ter­li­li­gi­dir, oba­da­ky sag­lyk eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­ler bi­len üp­jün edil­me­gi­dir. Oba ila­ty­na luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­niň döw­re­bap gu­ra­ly­şy ol ýa-da beý­le­ki we­la­ýa­tyň döw­let ösü­şi­niň stra­te­gik ugur­la­ryn­da se­riş­de­le­ri has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len onuň ösüş aý­ra­tyn­ly­gy­ny na­zar­da tut­ýan top­lum­la­ýyn mil­li we se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bo­lup geç­ýär. Şeý­le­lik bi­len, ama­la aşy­ryl­ma­gy­na örän uly se­riş­de­ler, ma­ýa go­ýul­ýan «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­larda­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy» oba ýer­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň, şol san­da ýaş maş­ga­la­la­ryň we ýaş hü­när­men­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ilat­ly ýer­ler­de umu­my­bi­lim ber­ýän hem-de be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ösdürmek dur­muş we in­že­ner­çi­lik dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry­ny gur­mak we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ul­gam­da­ky stra­te­gi­ýa­sy ada­myň dur­mu­şy üçin sag­dyn­ly­gy do­ly ke­ma­la ge­ti­rmek işine döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny çek­mä­ge esas­lan­ýar. On­da tu­tuş öm­rü­niň do­wa­myn­da ada­myň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­k luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň el­ýe­ter­li bol­ma­gyn­da dur­muş deň­li­gi­niň ga­za­nyl­ma­gy­na hem-de jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şyň kuw­wa­ty­nyň güýç­len­di­ril­me­gi­ne esa­sy üns be­ril­ýär. Bu bol­sa öz sag­ly­gyň we tö­we­rek­dä­ki­le­riň sag­ly­gy üçin jo­gap­kär­çi­lik ba­bat­da öň­ki dö­wür­ler­dä­ki­den has giň hu­kuk­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tut­ýar. Luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na ma­ýa goý­ma­gyň hem-de sag­ly­ga ga­dyr go­ýul­ýan jem­gy­ýe­ti dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny esas­lan­dy­ryp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le pi­ki­ri öňe sür­ýär: adam­la­ryň oňat sag­ly­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi üçin örän mö­hüm­dir. Şu hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan tu­tuş dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ý­şy­ny öz­gert­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da goý­lan­dyr.

Soňky habarlar
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow