Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da
Jemgyýet
Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da
Çap edildi 04.01.2018
4696

Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň hem-de meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len ne­şir­le­riň, mag­lu­mat­lar se­riş­de­le­ri­niň ün­sü­niň art­ma­gy hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­ze gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de ýur­du­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ke­ma­la gel­ýän sy­ýa­hat­çy­ly­gyň we myh­man­sö­ýer­li­giň mil­li nus­ga­sy­na bü­tin dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ita­li­ýa­nyň döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Rai 3” te­le­ýaý­ly­my Türk­me­nis­ta­ny 2018-nji ýyl­da iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de at­lan­dyr­dy. Bu ýaý­lym me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­re aý­ra­tyn üns ber­ýär. Dür­li ýurt­lar hem-de yk­lym­lar bo­ýun­ça sy­ýa­hat­lar ba­ra­da­ky film­le­riň köp se­ri­ýa­ly tap­gy­ryn­dan soň, te­le­ýaý­lym to­ma­şa­çy­la­ryň ara­syn­da so­rag-jo­gap ge­çir­di hem-de meş­hur ugur­la­ryň sa­na­wy­ny düz­di. Ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan “Ta­ryh” de­re­je­sin­de bi­rin­ji ýe­re my­na­syp bol­dy. Mu­nuň özi ka­nu­na­la­ýyk ýag­daý­dyr. Aýaw­ly sak­la­nyl­ýan mil­li mi­ra­syň baý­ly­gy hem-de öz­bo­luş­ly­ly­gy, köp san­ly ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri, or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň gym­mat­lyk­la­ry ýur­du­my­za bu ul­gam­da özü­niň hal­ka­ra de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da hä­zir­ki za­man ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi, ne­ti­je­li gu­ra­ma­çy­lyk çe­me­leş­me­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň hö­wes­len­di­ril­me­gi, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň çe­kil­me­gi hem-de uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, beý­le­ki pu­dak­la­ryň — ulag-te­lea­ra­gat­na­şyk, söw­da we gur­lu­şyk ul­gam­la­ry­nyň se­riş­de­le­rin­den peý­da­la­nyl­ma­gy hem mu­ňa ýar­dam ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­sy­nyň iň wa­jyp ugur­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň çäk­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gin­den, hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan, bu pu­dak üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­dan, ne­ti­je­li mag­lu­mat — ma­ha­bat işi­niň hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­dan yba­rat­dyr. Gür­rüň Türk­me­nis­ta­nyň tä­sin te­bi­gy kün­jek­le­ri­ni hem-de aja­ýyp ýer­le­ri­ni ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek, myh­man­ha­na hem-de dynç alyş dü­zü­mi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň ja­han­keş­de­le­ri­niň ara­syn­da tä­sin te­bi­gy kün­jek­li, aja­ýyp ýer­le­ri bo­ýun­ça ta­ry­hy sy­ýa­hat­la­ra bo­lan is­leg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Sy­ýa­hat­la­ryň iň meş­hur ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça sy­ýa­hat­lar bar. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny Gün­do­gar ösü­şi­niň iň aja­ýyp we şol bir­wag­tyň özün­de en­tek do­ly açyl­ma­dyk syr­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Mar­guş ýur­dy bi­len du­şu­şyk özü­ne çek­ýär. Ol özü­niň tä­sin ýa­dy­gär­lik­le­ri we ar­heo­log­la­ryň haý­ran gal­dy­ry­jy açyş­la­ry bi­len meş­hur­dyr. “Ga­dy­my Merw” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na ge­ze­lenç da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýar. Ga­dy­my Erk­ga­la­nyň we Gä­wür­ga­la­nyň uly ha­ra­ba­lyk­la­ry, ada­ty bol­ma­dyk gör­nüş­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýan Uly we Ki­çi Gyz­ga­la, Sol­tan San­ja­ryň ägirt uly küm­me­ti ta­ry­ha bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny hem-de sar­pa­ny has-da art­dyr­ýar. 1999-njy ýyl­da bu ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň äh­li­si ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Kö­neür­genç şä­he­ri hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan gel­ýän köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len tä­sin ýa­dy­gär­lik­ler bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa­da iň be­lent­le­riň bi­ri bo­lan Gut­lug Ti­mur mi­na­ra­sy, Alad­din Te­ke­şiň, Tö­re­beg ha­ny­myň, Nej­med­din Kub­ra­nyň, Il Ars­la­nyň, Pir­ýar We­li­niň, Se­ýit Ah­me­diň küm­met­le­ri we beý­le­ki­ler or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň ha­ky­ky mer­je­ni­dir. Öz­le­ri­niň ägirt­li­gi we tä­sin gö­zel­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýan bu hem-de beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­ler teh­ni­ki hem-de şe­kil­le­nid­iriş usul­la­ry­nyň ýo­ka­ry kä­mil­lik de­re­je­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar, müň­ýyl­lyk me­de­ni däp­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­de bar bo­lan hem-de ar­heo­log­la­ryň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň ägirt uly gy­zyk­lan­ma­sy­ny dö­red­ýän ga­dy­my şä­her­le­riň ara­syn­da Kö­ne Nu­saý aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Par­fi­ýa türk­men­le­riň uzak ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da dö­re­den be­ýik döw­let­le­ri­niň bi­ri­dir. Ol al­ty ýüz ýyl ýa­şap­dyr. 2007-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Par­fi­ýa ga­la­sy­nyň ha­ra­ba­lyk­la­ryn­da on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ýurt­lar­dan ge­len meş­hur alym­lar bar­lag­la­ry­ny ge­çi­rip­dir. Olar ga­dy­my ta­ry­hyň köp syr­la­ry­nyň üs­tü­ni aç­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň aja­ýyp ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len ri­ton­la­ryň top­lu­my­nyň özi nä­mä deg­me­ýär?!. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mil­li ta­ry­hy­my­zy öw­ren­mä­ge hem-de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge şert­le­ri dö­re­dip, türk­men we da­şa­ry ýurt alym­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär. Ýur­du­myz­da türk­men Li­de­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ta­ry­hy-me­de­ni mi­ras bo­ýun­ça we­kil­çi­lik­li yl­my mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin oňaý­ly ýag­da­ýyň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýa­kyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler­de 2018 — 2021-nji ýyl­lar­da ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len dur­muş-yn­san­per­wer ylym­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, yl­my esas­da me­de­ni mi­ra­syň, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň düýp­li öw­re­nil­me­gi­ne, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Okt­ýabr­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2018-nji ýy­lyň şy­ga­ry hök­mün­de “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky tek­li­bi bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­bir ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp bo­lan bu ta­ry­hy ýo­luň ke­ma­la gel­me­gin­de hem-de iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de esas eme­le ge­ti­ri­ji orun­la­ryň bi­ri bi­ziň hal­ky­my­za de­giş­li­dir. Sy­ýa­hat­çy­lyk tas­la­ma­la­ryn­da Ýü­pek ýo­ly di­ýen aý­ra­tyn öz­bo­luş­ly­ly­gyň hä­zir­ki za­man ýag­da­ýy ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Türk­me­nis­ta­na gel­ýän äh­li ja­han­keş­de­ler üçin esa­sy ar­zu­wyň ägirt uly öz­gert­me­ler bo­lup geç­ýän ýur­duň aja­ýyp paý­tag­ty Aş­ga­bat bi­len ta­nyşmakdygyny gy­pynç­syz aýt­sa bo­lar. Bu ýer­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len gö­zel bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­nyň en­çe­me­si ýer­leş­ýär. Dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­da bo­lan hem-de iň meş­hur şä­her­le­ri gö­rüp, paý­tag­ty­my­zyň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri­ne geň ga­lan sy­ýa­hat­çy­lar Aş­ga­ba­dyň be­ýan edip bol­ma­jak özü­ne çe­ki­ji­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýan­dy­gy­ny hem-de tu­tuş toý gör­kün­de ra­hat-asu­da­ly­gy, mäh­ri­ban­ly­gy hem-de ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len ma­ýyl ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ne-de bir mer­je­ni «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­dyr. Ony dö­ret­me­giň kon­sep­si­ýa­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di we ol mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­di. “Awa­za” sö­zi bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal giň hal­ka­ra meş­hur­ly­gy­na eýe bo­lup baş­la­dy. Ine, in­di bol­sa ol sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da mag­lu­mat alyn­ýan äh­li ne­şir­le­re gir­di, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň owa­dan öwüş­gin­li ne­şir­le­rin­de hem-de tä­ze­lik­le­rin­de peý­da bo­lup, ja­han­keş­de­li­gi we de­ňiz­de dynç al­ma­gy ha­la­ýan­la­ryň ha­ky­ky is­le­gi­ni oýar­dy. Awa­za­nyň suw as­tyn­dan peý­da bo­lan be­lent At­lan­ti­da bi­len de­ňeş­di­ril­ýän ma­ha­bat meň­zet­me­le­ri, aja­ýyp myh­man­ha­na­la­ry, aw­to­ýol­la­ry, se­ýil­gäh­le­ri, am­fi­teatr­la­ry we suw çüw­dü­rim­le­ri onuň hä­zir­ki za­ma­n sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň jen­ne­ti­ne öw­rü­len­di­gi­niň güwäsidir. Ýah­ta­lar, ga­ýyk­lar, mo­tor­ly ga­ýyk­lar we ka­ta­ma­ran­lar, suw ly­ža­la­ry, sör­fing, daý­wing hem-de suw pa­raş­ýut­la­ry — bu­lar sy­ýa­hat­çy­lyk kün­je­gi­niň iş­jeň dynç al­ma­gy hem-de ýi­ti duý­gu­la­ra bes­len­me­gi ha­la­ýan­lar üçin tek­lip edip bil­jek hyz­mat­la­ry­nyň di­ňe bir bö­le­gi­dir. Awa­za­nyň dü­züm­le­ri ös­ýär hem-de gö­züň al­nyn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da il­kin­ji er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak hem bo­lup, ol sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ýer­de iş­le­ýän ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na, şy­pa­ha­na-dynç alyş we dur­muş-yk­dy­sa­dy des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, myh­man­ha­na işe­wür­li­gi­ne, hyz­mat­lar ul­ga­my­na ma­ýa goý­ýan ma­ýa­dar­la­ra öz­le­ri­niň hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin iň oňat şert­ler dö­re­dil­ýär. De­ňiz ýa­ka­sy­nyň özün­de-de gö­zel­lik­ler az däl. Tä­sin bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri bo­lan ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­ny—meş­hur Ga­dy­my De­his­ta­ny ag­za­mak ýe­ter­lik­dir. Se­bi­tiň ta­ry­hy, däp-des­sur­lar hem-de halk hü­när­ment­çi­li­gi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän özü­ne çe­ki­ji ge­ze­lenç­ler myh­man­la­ryň hyz­ma­tyn­da. Ha­zar se­bi­tiniň ýe­ne-de bir aja­ýyp­ly­gy Mol­la­ga­ra­nyň duz­ly kö­lü­dir. Mil­li Li­de­ri­miz onuň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri­ni “Türk­me­nis­tan — mel­hem­ler me­ka­ny” at­ly ki­ta­byn­da be­ýan et­di. Bu şy­pa­ha­na öz be­je­ri­ji­lik hä­si­ýet­le­ri bi­len Ys­ra­ýyl­da­ky gör­nük­li Öli deň­zi­ne meň­zeş­dir. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da myh­man­la­ra hal­ky­my­zyň däp-des­sur­la­ryn­da ýaý­baň­la­nan mil­li türk­men ta­gam­la­ry, halk dö­re­di­ji­li­gi hem-de hä­zir­ki za­man me­de­ni­ýe­ti, türk­men hal­ky­my­zyň be­re­ke­de baý sa­ça­gy we duz-çö­rek­li myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len ta­nyş­mak ga­raş­ýar. Şeý­le­lik bi­len, şu­nuň ýa­ly äh­li çä­re­le­riň hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň şah­sy ho­wan­dar­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, sy­ýa­hat­çy­lyk türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­je­gi uly pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan oňa ösüş dep­gin­le­ri­ni umu­my çalt­lan­dyr­ma­gyň hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, çig ma­la de­giş­li bol­ma­dyk ul­ga­ma we eks­por­ta gö­nük­di­ri­len ug­ra geç­me­giň kuw­wat­ly gu­ra­ly­na öw­rül­mek or­ny be­ril­di.

Soňky habarlar
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow