Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar
Jemgyýet
2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar
Çap edildi 15.01.2018
2065

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň ulag düzümini ösdürmekden, ulagyň awtomobil we beýleki görnüşleriniň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. 12-nji ýanwarda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly hereketiniň guralmalydygyny, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat edilmelidigini ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde “Hyundai” (Koreýa Respublikasy), “Yutong” (Hytaý Halk Respublikasy), “Toyota” (Ýaponiýa) ýaly kysymlary dünýä belli häzirki zaman awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, esasan-da sürüjiler bu ýokary hilli we rahat täze maşynlara mynasyp baha berdiler. Häzirki wagtda Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň tehniki parkyny täzelemek işi dowam edýär. Meselem, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň 15-si gelip gowuşdy. Olaryň 10-sy ýolagçylary halkara ugurlarynyň 10-sy boýunça, şol sanda Aşgabat-Hazar-Aşgabat ugry boýunça gatnadar. Döwrebap awtobuslaryň ýene 5-si ýurdumyza gelýän syýahatçylara we jahankeşdelere awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ulanylar. Mundan başga-da, “Hyundai Uniwerse Luxury” kysymly awtobuslaryň 7-si we “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň bolsa 2-si sebitlere geçirildi. Hususan-da, olar Balkan welaýatynda Balkanabat-Türkmenbaşy-Balkanabat, Türkmenbaşy-Garabogaz-Türkmenbaşy şäherara ugurlarynda, şeýle hem ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda hereket ederler. Lebap welaýatyna berlen awtobuslar Türkmenabat-Kerki-Türkmenabat hem-de Kerki-Türkmenabat-Kerki ugurlary boýunça gatnarlar. Öz nobatynda, Marydaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslaryň ikisini Mary-Serhetabat-Mary ugurlary boýunça, birini bolsa Mary-Türkmenabat-Mary ugrunda ulanmagy meýilnamalaşdyrýar. Koreý we hytaý awtomobil gurluşynyň öňdebaryjylary bolan “Hyundai Uniwerse Luxury” we “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň dünýäde giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Hünärmenler olaryň ygtybarlylygyny, kuwwatlylygyny, ulanylyşlarynyň ykdysady taýdan tygşytlylygyny, howpsuzlygynyň ýokary derejeliligini, hereketleriniň emaýlylygyny, bezegleriniň sazlaşyklylygyny belleýärler. Olar Türkmenistanyň howa şertlerine doly gabat gelýär. Bu kysymlaryň ýygnalyşynda birnäçe sagada çekýän gatnawy rahat syýahata öwürmäge mümkinçilik berýän zerur zatlaryň ählisi, ýagny awtobusyň içini salkynladyş, ýyladyş we ýagtylandyryş ulgamy, her bir ýolagçynyň şahsy islegine görä sazlaşdyryp bolýan belent arkalykly ýumşak oturgyçlar, giň gapylar we beýlekiler bar. Dünýä belli bu rahat ulaglaryň ekologik görkezijileriniň hem halkara ölçeglerine doly gabat gelýändigini aýtmak gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan satyn alynýan ähli tehnikalara we enjamlara bildirýän möhüm talaplarynyň biridir.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow