Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Wekilbazar etrabyna pul baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Jemgyýet
Wekilbazar etrabyna pul baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Çap edildi 31.01.2018
1977

Wekilbazar etrabynyň merkezinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Medeniýe oýüniň töwereginde ak öýler dikildi hem-de baýramçylyk tagamlary taýýarlanyldy, bu etraba ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşigiň ýeňiji hökmünde dabaraly ýagdaýda mynasyp bolan sylagy – ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy. Dabara welýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar, etrabyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşly ýaly, ýurdumyzyň iň gowy etraby adyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 26-njy ýanwarda geçirilen hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisiniň barşynda yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşigiň netijeleri bilen tanşyp, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyny ýeňiji diýip yglan etmek hem-de 1 million dollar baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda onuň ýeňijisi hökmünde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça sebitleri ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne we pagta hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek, şeýle hem ilatyň iş üpjünçiligi meselelerini çözmek, ekologiýa howpsuzlygy, ilatyň boş wagtyny netijeli guramak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýaly görkezijiler kesgitlenildi. Sylaglamak dabarasynda çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny olaryň mynasyp bolan bäsleşigiň ýeňijisi diýien ýokary at bilen gutlap, olaryň zähmet üstünlikleriniň özleriniň tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň abadançylygyny we ösüşini artdyrýan bütin türkmen halky üçin aýdyň görelde boljakdygyny bellediler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimze olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly durmuş – ykdysady ösüşine goşýan goşandyna beren örän ýokary bahasy üçin çuňňňur hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde hem Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatynyň we şan-şöhratynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde guralan baýramçylyk konsertinde milli tanslar ýerine ýetirildi, aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow