Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy
Jemgyýet
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy
Çap edildi 28.02.2018
1733

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy. Milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri, dürli ýaşly we hünärli, dürli milletiň wekilleri bar. Dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukukly esaslarda hödürlenildi, olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde açyk häsiýete eýe boldy. 27-nji fewralda syýasaty partiýalara we raýatlar toparlaryna wekilçilik edýän dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw möwsümini beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan gününden başlap, 2018-nji ýylyň 23-nji martyna çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary ähli ýerlerde geçirilýär. Saýlawçylar bilen geçirilýän gyzykly hem-de açyk söhbetdeşligiň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň geljekde geçirilmegi göz öňünde tutýan işleri baradaky sowallaryna esaslandyrylan jogaplary berýärler. Dalaşgärler watandaşlarymyzyň özlerine başarnykly hem-de hakyky watançylar hökmünde bildirýän ynamyny ödejekdiklerine ynandyrýarlar. Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlara wagyz işlerini erkin geçirmäge şert döredilýär. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirilýär. Saýlawlara halkara we milli synçylaryň gatnaşmagy bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň açyklyk we aýanlyk ýagdaýda geçirilmegine ýardam berer. Soňky aýlaryň dowamynda geçirilen uly işler, işjeň tapgyra gadam basan saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygy, ýurdumyzyň deputatlarynyň täze düzüminiň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçiriljekdiginiň ygtybarly subutnamasydyr.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow