Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdylar
Jemgyýet
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdylar
Çap edildi 21.03.2018
1873

Paýtagtymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpçülikleýin bag ekmek çäresine utgaşdyrylyp, giňden bellenildi. Aşgabat şäher häkimligi hem-de gurluşyk we energetika toplumy tarapyndan guralan bu medeni we ekologiýa çärelerine aşgabatlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna jogap edip, örän işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, Berkarar köçesinde köp sanly ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda aýdyň öwüşginli dabaralar guraldy. Paýtagtymyzyň etraplarynda agaç nahallaryny ekmek çäresine ýaşuly nesil hem, ýaşlar hem gatnaşdy. Baýramçylyk çäreleri estrada aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen başlandy, olar adamlarda ruhubelentlik ýagdaýyny döredip, sport, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmäge hem-de bag ekmek işlerine gatnaşmaga höweslendirdiler. Göreş hem-de ýaglyga towusmak ýaly sport oýunlarynyň milli görnüşlerinde görkezme çykyşlary, bäsleşikler baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýörite guralan ýaryşlara islendik adam gatnaşyp, baýrak ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu ýagdaý bolsa ýaryşlara aýratyn şowhunlylyk görnüşini berdi, ýeňijilere hemmeleriň el çarpyşmalary astynda baýraklar gowşuryldy. Oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň, dermanlyk ösümlikleriň, şeýle hem paýtagtymyzyň ajaýyplyklarynyň sergisi aýratyn baýlygy bilen tapawutlandy. Aşgabat şäheriniň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň plenerde çeken nakgaşlyk we akwarel işlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde gurlan häzirki zaman binalarynyň gurluşyk aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk dabaralary mahalynda taýýarlanan dograma, çekdirme, ýarma, palaw, semeni ýaly milli tagamlara çärä gatnaşyjylar ýokary baha berdiler. Paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň Parahat —7 ýaşaýyş toplumynda, Köpetdag etrabynyň Çandybil köçesiniň ugrunda, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde hem-de Büzmeýin etrabynyň Jülge ýaşaýyş toplumynda geçirilen bag ekmek çäreleri tebigatyň täzeden janlanmagynyň özboluşly alamatlary bolup, Nowruz baýramyna aýratyn many-mazmun berdi. Aşgabat şäheri boýunça 198 müň 220 düýp agaç nahaly oturdyldy.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow