Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Jemgyýet
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 07.04.2018
2376

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä äşgär edýär. Berkarar Watanymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan şu ýylynda saglyk baýramy has-da dabaraly geçirilýär. Bu çäreleriň giň gerimde geçirilmegi, aýratyn hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gadymy Amuldan badalga berlen ylgaw we welosiped ýaryşlarynyň üstünlikli dowam etmegi ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny artdyrýar. Il-günümize şatlykdyr joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Eziz halkym! Garaşsyz Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys, telekeçiligi ösdürýäris, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün edýäris, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döredýäris. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlişi ýaly, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge uly üns berýäris. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris. Şoňa görä-de, gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi guruldy. Döwrebap beýleki sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmek arkaly bu ugurda uly işler edildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz Watanymyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi. Nesip bolsa, biz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisini, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede geçireris. Elbetde, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Bitarap döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir. Sportuň taryhyna örän ähmiýetli wakalar hökmünde girjek bu halkara derejesindäki sport bäsleşikleri Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň dünýädäki at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu ajaýyp halkara baýramy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow