Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda üýtgeşik çykyş guraldy. Duşenbe güni agşam — bu, adatça, teatrlarda dynç güni bolsa-da, onuň girelgesiniň öňünde adamlar ýygnandylar, olary bu ýere näme getirdi: «Eýsem, bu gün spektakl barmy?». Bu gün bu ýerde spektakly «puşkinliler» görkezmeýärdi, ýogsa, olar hem bu ýerdäki baýramçylygy guramak bilen meşguldylar. Sahna talyplar we mekdep okuwçylary — ynsanperwer çäräniň başyny başlan «Dalçyn» dil okuw merkeziniň diňleýjileri çykdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän konsepsiýasynda dil syýasaty Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Onuň maksady täze tehnologiýalara eýe bolmaga hem-de ylymda we tehnikada ösen işleriň öň hatarynda, möhüm hünär maglumatlaryndan habarly bolmaga ukyply dünýä derejesindäki hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Şu mesele boýunça milli Liderimiziň görkezmeleri ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde, şeýle hem kömekçi bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi şertlendirdi, bu bolsa dürli dil okuwlarynyň we merkezleriniň peýda bolmagyny höweslendirdi. Şolaryň biri türkmen, iňlis, fransuz, rus we beýleki dillerde öz endiklerini gowulandyrmaga çalyşýan ýaşlary birleşdiren “Dalçyn” merkezidir. Bu merkez belli bir meşhurlyga we abraýa eýe bolup, öz işi hakynda özboluşly hasabat bermegi, emma ony öz başlangyçlarynyň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, öz okuwçylarynyň mümkinçiliklerini — dil bilimleriniň derejesinde hem, ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmak, olaryň ruhy taýdan ösüşi, ahlak, durmuş çelgileri babatda hem mümkinçiliklerini görkezmegi makul bildi. “Dalçyn” hususy kärhanasynyň “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň dowamynda terjimeçilik hem-de meýletinçileri dil boýunça taýýarlamak babatda işjeň çekilmegi bilen baglylykda, bu ugur täze çärede hem dowam edildi. “Dalçynyň” pikirini merkeziň ýolbaşçylarynyň kömek üçin ýüz tutan adamlarynyň hemmesi goldadylar. Çäräniň mazmuny oglanlaryň we gyzlaryň meşhur eserlerden sahnalary öz dilinde – türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirmeginden hem-de toplanan serişdeleri “Umytlar adasy” atly eýesiz haýwanlara kömek merkezi üçin ýygnamakdan ybarat boldy. Türkmenistanda meýletinçilik hereketi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegi hem-de 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirmegi bilen has berkedi we gülläp ösdi. Şonda meýletinçi kömekçileriň uly topary jemlendi, olar ýörite taýýarlyk, şol sanda dil taýýarlygyny geçdiler, şeýle hem daşary ýurtlarda tälim aldylar. Meýletinçiler Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasy (2013-nji ýyl), Soçide geçirilen gyşky Olimpiada (2014-nji ýyl), Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlary (2013-nji we 2014-nji ýyllar), Bakuwda geçirilen I Ýewropa oýunlary (2015-nji ýyl), Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlary (2016-njy ýyl) ýaly iri sport çärelerinde ajaýyp tälim aldylar. Aşgabat Aziadasy uly üstünliklere beslendi, ol tamamlanandan soň hem meýletinçiler toparlary we olaryň ruhubelentligi ýitip gitmedi. Olar özleriniň parhly garaýşynyň hem-de ýagşylygynyň gerek boljak täze “salgylaryny” tapýarlar. Şolaryň biri hem “Umytlar adasy” boldy. Onuň hemişelik akgöwünli kömekçileriniň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem talyplary bar. Ynsanperwerlik jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň esasyny düzýär. Adama, ähli jandara bolan söýgi, üns we alada ekologiýa pikirini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýörelgelerini ornaşdyrmaga çagyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň köp başlangyçlary ýaşlarda şeýle oý-pikiri döretmäge gönükdirilendir: olar bag ekmek boýunça ählihalk çäreleri ýa-da sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de tebigaty goramak boýunça çäreler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ahalteke bedewlerine, alabaýlara mähir duýgusy bilen garaýar. Hut döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça Wepaly atly alabaý “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň tumaryna öwrüldi. Onuň atdaşyny — bu ajaýyp tohumdan bolan itiň güjügini bolsa hormatly Prezidentimiz öz russiýaly kärdeşi Wladimir Putine sowgat berdi. “2018-nji ýyl — it ýyly, biz üçin bolsa Wepalynyň ýyly. Diýmek, bu ýyl geçip barýan ýyl bilen deňeşdireniňde has durnukly we sazlaşykly bolup, abadançylyk we işlerde rowaçlyk getirer. Bize ähli ýollar açylar, görlüp-eşidilmedik ädimler ädiler, iri möçberli taslamalar amala aşyrylar...” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gijesi watandaşlarymyzy gutlanda belledi. Adamyň wepaly dosty bolan itiň nyşany astynda geçýän şu ýyl bilen bizi şeýle umytlar baglaýar. Adam hem onuň wepalylygyna mähir we jogapkärçilik bilen jogap berýär. Eger ol betbagtçylyga ýa-da biperwaý ellere düşen bolsa, eýesini we öýüni ýitiren bolsa, oňa kömege gelmäge taýýardyr. Ine, “Umytlar adasy” — öýsüz-öwzarsyz haýwanlara kömek berýän ilkinji merkez hem şeýle ynsanperwer işler bilen meşgullanýar, ol 2017-nji ýylyň awgustynda ynsanperwer ugurly hususy kärhana hökmünde ýurdumyzda resmi taýdan hasapda bellige alyndy. Şondan bäri “Adada” saklanýanlaryň sany ep-esli artdy, aladalar hem köpeldi. Başy başlanan oňat işe döwlet düzümleriniň kömek edýändigi hem guwandyryjydyr: zerur bolan lukmançylyk serişdeleri, weterinar hyzmatlary we şuňa meňzeşler yzygiderli berilýär. Telekeçiler — restoran hojalyklary we şöhlat öndürijiler itleri hem-de pişikleri iým bilen üpjün etmäge öz goşantlaryny goşmak kararyna geldiler. Ozal bellenilişi ýaly, talyp — meýletinçiler hem “Adadan” habar tutup durýarlar — bu ýerde iş hemmelere ýeterlik. Bir söz bilen aýdylanda, diňe bir merkeziň özüne bolman, eýsem, onuň jemgyýetde tutýan ornuna köptarapdan goldaw berilýär. “Dalçynyň” çäresi hem ilatyň dürli gatlaklaryny şeýle guramalaryň durmuş ähmiýetine ünsi çekmäge gönükdirildi. Onuň maksady uly bolmadyk köpdürli dillerde sahnalaşdyrylan çykyşda ýaş nesilleriň uly ahlak, ruhy, aň-paýhas we döredijilik mümkinçiligini görkezmekden, zehinli we kalby joşgundan doly ýaşlaryň uly yhlasly, ruhubelent güýjüni paýlaşmakdan ybaratdyr. Şol agşam tomaşaçylar sahnada ýerine ýetirijileri hut şonuň ýaly ýagdaýda gördüler. Şol ýerine ýetirijiler gahrymanlaryň egin-eşiklerini geýnen oglanjyklar we gyzjagazlardyr, daşary ýurt dillerini örän oňat özleşdirýän okuwçylardyr hem-de ajaýyp aýdym aýtmagy, tans etmegi we keşp ýerine ýetirmegi başarýan ukyply çagalardyr. Tüýs ýürekden ýerine ýetirilen çykyşlara duýgur seslenýän tomaşaçylar owadan we arassa kalply adamlara el çarpdylar. Ol adamlar örän ýaşajyk hem-de dünýä bilen iň gowy zatlary, ýagny özlerindäki bar bolan ýürek mährini, ýagşylygy, bilimlerini paýlaşmaga taýýar çagalardyr. Olar häzir jemgyýete, öz Watanyna peýdaly we gerekli bolmak üçin ähli yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Dünýäniň nusgawy edebiýatynyň äheňleri boýunça sazly çykyş uly şatlyk-şowhun bilen geçdi — höwesjeň aktýorlaryň hatda kiçiräk kemçilikleri we ýalňyşlyklary hem üýtgeşik özüne çekiji bolup tolgundyryjy göründi, dessine-de zalyň goldaýyş äheňindäki el çarpyşmalara beslendi. Munuň özi höwesjeň artistlere hemme zadyň geçirimli bolýandygy üçin däl-de, olaryň sahna çykyp, öňde goýan maksady ýerine ýetirendikleri üçindir. Olar sahnanyň we halkyň öňünde çekinjeňliklerini ýeňdiler, özlerini açmakdan çekinmediler, munuň üçin bolsa olar çykyşlardan öňürti taýýarlyklarda we olardan daşary hem öz üstlerinde örän köp işlediler. Sahnalaşdyrmak üçin esas hökmünde “Şasenem we Garyp” türkmen dessany, Şekspiriň “Romeo we Juletta”, “Otello” tragediýalary alyndy, şeýle kuwwatly sahna eserleriniň hataryna Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň kiçiräk eserleriniň biri bolan “Mosart we Salýeri” eseri hem girdi. Diňe Şekspiriň bir komediýasy — “Nadaranyň nogtalanmagy” maksatnamada boldy, ýöne pýesanyň “bakylyk” derejesi şu ýerde-de artistleriň özüne bolan talabedijilik derejesini peseltmäge mümkinçilik bermedi. Şunda bolsa olar tomaşaçylary begendirdiler! Bu beýik eserleriň hemmesini sazlaşykly bir kompozisiýa birleşdirmäge şowly usul bolan wenesianly söwdagäriň hem-de syýahatçy Marko Polonyň onuň ýanyndaky ýolgörkeziji türkmen bilen gürrüňdeşligi mümkinçilik berdi. Olar bilelikde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistana geldiler, uzak ýoly bolsa gyzykly taryhy gürrüň berip bezediler... Goý, Romeo balkonyň aşagynda Elwis Presliniň “Love me tender, love me sweet” aýdymyny aýtsyn, Otellonyň bolsa oňat bejerilen saçy bolsun, esasy spektakl janly, duýgularyňa täsir edýän hem-de wakalaryň tutuş dramalylygyna garamazdan, örän hoşniýetli boldy. Aşyk-magşuklar aýra düşmediler we ölmediler, Dezdemonany bogmadylar, Mosartyň gamgyn eseri bolsa: “Biz size bagt arzuw edýäris!” diýen sözleri bolan aýdym bilen çalşyryldy. Çykyşyň ilkibaşyndan başlap, ynanyşmagyň örän oňaýly ýagdaýy emele geldi, şol hoşniýetli pursatlary ähli tomaşaçylar we aktýorlar birek-birege hoşallyk bilen öz ýüreklerinde galdyrdylar. Haýyr-sahawat konsert-spektaklynyň guramaçylarynyň çykyşlarynda hoşallyk, ruhubelentlik sözleri köp ýaňlandy, ýöne esasy zat şol çykyşlarda ýagşylyk ýaýmaga adamlary birleşdirýän çagyryş boldy. Ozal yglan edilişi ýaly, “Dalçyn” dil merkeziniň hödürlän çykyşynyň petekleri üçin hemme girdeji “Umytlar adasy” kärhanasyna kömege ugradyldy. Ýöne “Dalçyn” öz asylly başlangyçlarynda ýeke däldir. Şeýle çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri uly höwes bilen goşulyp, nobatdaky gezek “Ada” üçin dürli dermanlaryň, sargy serişdeleriniň zerur bolan tapgyryny we şuňa meňzeş beýlekileri bölüp berdiler. Bu çärä Oba we suw hojalyk ministrliginiň weterinar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň bu merkeze öz ugry boýunça berýän şeýle kömegi ilkinji gezek däldir. Mundan başga-da, tebigaty goraýyş edarasyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine, Jemagat hojalygy ministrligine uly hoşallyk bildirildi. Jemagat hojalygy ministrligi häzirki wagtda eýesiz itleri we pişikleri saklamak boýunça iri kärhanany döretmek taslamasyny işläp taýýarlaýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary meýletinçilik işlerini yhlasly alyp barandyklary üçin, öwgä mynasyp boldular. Olary şeýle işlere mugallymlary ruhlandyrýarlar. Bu baýramçylygy guramaga Bilim ministrligi uly goldaw berdi. “Dalçynyň” diňleýjileri öz nobatynda A.S.Puşkin adyndaky teatryň ähli toparyna we onuň üsti bilen sahnalaşdyrmak pikiriniň durmuşda beýan edilmegine beren kömegi üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine hoşallyk bildirdiler. Bu çärede Media-Türkmen agentliginiň “Orient” saýty maglumat hyzmatdaşy bolup çykyş etdi. Ajaýyp, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemäge ähli şertleriň döredilendigi, raýat we telekeçilik başlangyçlarynyň öňe ilerledilýändigi üçin, rehimlilige hemişe orun berilýän agzybir jemgyýet üçin, içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer maksatlary hem-de umumadamzat gymmatlyklary wagyz edýän biziň ajaýyp ýurdumyzdaky bagtyýar durmuş üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.