Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­tan — BMG: yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk
Jemgyýet
Türk­me­nis­tan — BMG: yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk
Çap edildi 10.04.2018
2226

Şu gün paý­tag­ty­myz­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­ni dur­nuk­syz mig­ra­si­ýa­nyň hem-de adam söw­da­sy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça me­se­le­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň hal­ka­ra tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iki gün­lük mas­la­hat işe baş­la­dy. Mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de çä­re­le­riň ozal tas­syk­la­nan me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy. Du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin mer­ke­zi we we­la­ýat ga­zet­le­ri­niň, žur­nal­la­ryň re­dak­si­ýa­la­ry­nyň, te­le­wi­de­ni­ýä­niň, ra­dio­nyň, in­ter­net-ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, döw­let eda­ra­la­ry­nyň met­bu­gat gul­luk­la­ry­nyň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy. Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy hä­zir­ki döw­rüň ýo­kar­da gör­ke­zi­len umu­my me­se­le­le­ri­ni be­ýan et­me­giň dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek­den, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň kö­me­gi ar­ka­ly şeý­le ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak­dan yba­rat­dyr. Mas­la­hat açyk çe­kiş­me­ler gör­nü­şin­de ge­çip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra so­wal ber­mek, bi­ri-bi­ri­niň bi­li­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni dö­re­dip, ça­gy­ry­lan ta­rap­la­ryň hem­me­si üçin me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň has ne­ti­je­li we peý­da­ly bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Çy­kyş­la­ryň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň MHG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da uly tej­ri­be­si­niň bar­dy­gy, şo­nuň çäk­le­rin­de 2014-nji ýy­lyň ba­şyn­da ýur­du­myz­da adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş to­pa­ry­nyň dö­re­di­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu to­par ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra bi­ler­me­niň gol­daw ber­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça 2016 — 2018-nji ýyl­lar üçin he­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy hem-de 2016-njy ýy­lyň mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýö­ri­te Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Bu res­mi­na­ma­nyň adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge, ila­tyň dur­muş-hu­kuk go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, şu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mä­ge gös-gö­ni ýar­dam eden­di­gi nyg­tal­dy. Mig­ra­si­ýa, ga­çy­ba­tal­ga ber­mek, bos­gun­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň me­se­le­le­ri­ne Türk­me­nis­tan ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na my­da­ma yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni hem-de mig­rant­la­ryň, bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge mil­li hem-de hal­ka­ra de­re­je­de iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu ugur­da yn­san­per­wer sy­ýa­sa­tyň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dür­li se­bäp­le­re gö­rä öz ýur­du­nyň çäk­le­ri­ni terk et­mä­ge mej­bur bo­lan goň­şy we beý­le­ki döw­let­le­riň ra­ýat­la­ry üçin ola­ryň ikin­ji wa­ta­ny­na öw­rül­di. Hal­ka­ra hu­ku­gynyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryn­dan hem-de türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan göz­baş al­ýan yn­san­per­wer däp­le­rin­den ugur al­mak bi­len, bu ýer­de mig­rant­lar, bos­gun­lar hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu mag­lu­mat­lar şo­nuň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar: 2005-nji ýyl­da 13 müň­den gow­rak adam meý­le­tin esas­da ra­ýat­ly­ga eýe bo­lup, ola­ryň 9 müň 500-den gow­ra­gy bos­gun­lar bol­dy, 3 müň­den gow­ra­gy ýa­şa­mak gör­nü­şi­ne eýe bol­du­lar, ola­ryň hem 1800-si bos­gun­lar bol­dy. 2011-nji we 2013-nji ýyl­lar­da 4 müň adam, 2014-nji ýyl­da 786 adam, 2015-nji ýyl­da 361 adam, 2016-njy ýyl­da 1381 adam Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­ly­gy­na eýe bol­dy. 2017-nji ýy­lyň 8-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň çä­gin­de he­mi­şe­lik ýa­şa­ýan hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň ýe­ne-de 1690-sy Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty bol­dy. Olar 21 mil­le­tiň we­kil­le­ri bo­lup, ola­ryň ha­ta­ryn­da uly ýaş­ly adam­la­ryň 1165-si hem-de 18 ýaş­dan ki­çi bo­lan adam­la­ryň 525-si bar. “Bos­gun­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da” hem-de “Apat­rid­le­riň de­re­je­si ha­kyn­da” Kon­wen­si­ýa­lar­da göz öňün­de tu­tu­lan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len hem-de ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň äh­li hu­kuk­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk ada­myň hem-de bos­gu­nyň şah­sy­ýet­na­ma­sy­nyň we ýol res­mi­na­ma­sy­nyň, ýa­şa­mak üçin gör­nü­şiň tä­ze nus­ga­la­ry he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Bu res­mi­na­ma­lar ICAO (Ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy) öl­çeg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­za ge­len bos­gun­la­ra ýa­şa­ýyş jaý­la­ry be­ril­di, olar iş bi­len üp­jün edil­di, oba ýer­le­rin­de ola­ra ýer bö­lek­le­ri be­ril­di, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş me­se­le­le­ri ne­ti­je­li çö­zül­ýär. Mas­la­ha­tyň mak­sat­na­ma­sy oňa gat­na­şy­jy­la­ra me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­ny, şol san­da adam söw­da­sy­nyň öňü­ni al­mak­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň or­ny, hä­zir­ki döw­rüň howp­ly we­him­le­ri ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­li­ge ha­bar ber­mek, dur­nuk­syz mig­ra­si­ýa ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, döw­let gul­luk­çy­la­ry­nyň we hö­kü­me­te de­giş­li däl gu­ra­ma­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy hem-de şu me­se­le­le­ri be­ýan et­mä­ge žur­na­lis­tiň çe­me­leş­me­le­ri ýa­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gy­ry­şy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, adam hu­kuk­la­ry hem-de hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­k ba­bat­da top­la­nan tej­ri­bä­ni alyş­ma­ga ýar­dam ed­ýän şeý­le du­şu­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow