Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 11.07.2018
2433

“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — tele we radioýaýlymlaryň, gazetleriň, žurnallaryň, Internet-neşirleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hukukçylar, kazyýet iş önümçiligi babatda hünärmenler gatnaşdylar. Olaryň öňünde maslahata çagyrylan halkara bilermenler — Russiýadan S.Çižikow hem-de Beýik Britaniýadan M.Bekerman mowzuklaýyn syn bilen çykyş etdiler. Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi türkmen döwleti durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini yzygiderli kemala getirýär. Döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy adamyň we raýatyň bähbidine kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri habar beriş serişdelerinde netijeli beýan etmegiň hem-de metbugat işgärleriniň kanunlaryň rüstemlik ýörelgeleri, hususan-da, kazyýet edaralarynyň işi hakynda bilimini artdyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Maslahatyň maksady kazyýetleriň işi beýan edilende hünär edebini berjaý etmekde žurnalistleri oňyn dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Maslahat öz işini 13-nji iýula çenli dowam eder.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow