Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­tan ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dün­ýä­de öň­de bar­ýar
Jemgyýet
Türk­me­nis­tan ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dün­ýä­de öň­de bar­ýar
Çap edildi 16.07.2018
2508

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ila­tyň sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm ugur­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýar. Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, amat­ly ýa­şa­ýyş hem-de zäh­met şert­le­ri­ni dö­ret­mek, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly döw­let äh­mi­ýet­li mö­hüm we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne giň möç­ber­li iş­ler gö­nük­di­ril­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, şol öz­gert­me­le­re giň ýol aç­ýan ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­dy. Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­lary ha­kyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň ko­dek­si­niň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň de­giş­li mad­da­la­ryn­da sa­ni­ta­ri­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň bo­zul­ma­gy üçin bel­le­nil­ýän ad­mi­nist­ra­tiw çä­re­le­riň gö­rül­me­gi kä­mil­leş­di­ril­di, Türk­me­nis­ta­nyň Sa­ni­ta­ri­ýa ko­dek­si, «Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy ha­kyn­da», «Iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­nyň we hi­li­niň üp­jün edil­me­gi ha­kyn­da», “Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak we wa­gyz et­mek ha­kyn­da”, “Ra­di­a­si­ýa howp­suz­ly­gy ha­kyn­da”, “Agyz su­wy ha­kyn­da”, “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň tem­mä­ki tüs­se­sin­den we tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ral­ma­gy ha­kyn­da”, «Ada­myň im­mu­no­ýet­mez­çi­lik wi­ru­sy se­bäp­li dö­re­ýän ke­se­liň öňü­ni al­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry, «Du­zy ýod­la­mak we uny de­mir bi­len renç­len­dir­mek ba­ra­da» hem-de «Ýo­ku­my fo­liý tur­şu­sy we de­mir bi­len renç­len­di­ri­len uny ön­dür­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­rar­la­ry ka­bul edil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ila­tyň sag­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan “Türk­me­nis­ta­nyň ilat­ly no­kat­la­ry­ny aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­me­giň Baş mak­sat­na­ma­sy”, “Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň sag­dyn iý­mit­len­me­gi bo­ýun­ça 2013 — 2017-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma” hem-de “Türk­me­nis­tan­da ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ryň gar­şy­sy­na gö­reş­mek bo­ýun­ça Aş­ga­bat Jar­na­ma­syn­da bel­le­nen we­zi­pe­le­ri 2014 — 2020-nji ýyl­lar­da ama­la aşyr­ma­gyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy” ka­bul edil­di. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça hem-de iý­mit önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi des­ga­la­ryn­da, azyk söw­da­sy, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti des­ga­la­ryn­da, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da we mek­dep­ler­de, azyk ha­ryt­la­ry­nyň hi­li­ni hem-de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we des­ga­lar­da döw­let sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­lik bar­la­gy­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça ka­da­laş­dy­ry­jy hem-de usu­ly­ýet res­mi­na­ma­la­ry kä­mil­leş­di­ril­di. Gul­lu­gyň bar­lag­ha­na ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi bi­len bir­lik­de, daş­ky gur­şa­wyň bio­lo­gi­k, fi­zi­ki we hi­mi­ki taý­dan ýa­ra­maz tä­sir­li ýag­daý­la­ry­na, şol san­da iý­mit önüm­le­ri­ne ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na bar­lag­la­ry­nyň usul­la­ry kä­mil­leş­di­ril­di. Ösüm­lik­den ge­lip çy­kan iý­mit önüm­le­rin­de we beý­le­ki bio­lo­gi­k ma­te­rial­lar­da gen de­re­je­sin­de bar­lag­la­ry ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ha­ky­ky wagt düz­gü­nin­de po­li­me­raz zyn­jyr­ly reak­si­ýa bar­la­gy, şeý­le hem im­mu­no­fer­ment, hro­ma­tog­ra­fi­ýa, spekt­ro­met­ri­ýa bar­lag usul­la­ry gul­lu­gyň işi­ne or­naş­dy­ryl­dy. Azyk önüm­le­ri­niň hi­li­ne we howp­suz­ly­gy­na döw­let ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­li­giň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ba­bat­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan “Azyk­lyk çig ma­ly­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ni hem-de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça esa­sy ka­da­lar we düz­gün­ler” tas­syk­la­nyl­dy hem-de ol tä­ze yl­my mag­lu­mat­lar esa­syn­da yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Azyk önüm­le­rin­de ada­myň sag­ly­gy üçin howp­ly, ýur­du­myz­da ga­da­gan edi­len iý­mit go­şun­dy­la­ry­nyň bol­maz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik güýç­len­di­ril­di. “Türk­me­nis­tan­da iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ni we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de döw­let aras­sa­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gi­ni hem-de bar­la­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan iý­mit önüm­le­ri­niň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy, ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da sa­tyl­ýan mal­dar­çy­lyk, guş, balary, ba­lyk, gök-bak­ja we beý­le­ki önüm­le­re bar­lag ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan, 2012-nji ýyl­da BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň hem-de Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy bilen bi­le­lik­de sarp edi­ji­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de azyk önüm­le­ri­niň ne­ti­je­li söw­da­sy­na ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, “Ko­deks Ali­men­ta­rius” to­pa­ry­nyň ag­za­sy bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li we howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma­lar “Ko­deks Ali­men­ta­riu­syň” ýa-da “Azyk ko­dek­si­niň” stan­dart­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­ýär. Gul­lu­gyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­ler we borç­lar ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan yba­rat bo­lup, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň de­giş­li ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty aras­sa iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän azyk du­zu­ny ýod we unuň ýo­ku­myny de­mir we fo­liý tur­şu­sy bi­len baýlaşdyrmak çä­re­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NISEF) bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ägirt uly ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. ÝU­NISEF, BSGG we Ýod ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça hal­ka­ra ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na du­zuň äh­lu­mu­my ýod­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň ga­za­ny­lan­dy­gy ba­ra­da hal­ka­ra gü­wä­na­ma­sy be­ril­di hem-de Türk­me­nis­tan GDA ag­za ýurt­la­ryň we Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da il­kin­ji, Ýer ýü­zün­de dör­dün­ji bo­lup, du­zy ýod­laş­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýän ýurt hök­mün­de yk­rar edil­di. 2011-nji ýyl­da ýur­du­myz unuň ýo­ku­my­ny güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de sy­la­ga my­na­syp bol­dy. Döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän gi­ňiş­le­ýin we ne­ti­je­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ýo­kanç däl ke­sel­le­riň, ýag­ny, ýod ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­le­riň we ane­mi­ýa­nyň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­di. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy we ÝU­NISEF bi­len agyz su­wu­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li hem-de howp­suz­ly­gy, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Soň­ky dö­wür­de agyz su­wu­na bo­lan ta­lap­lar düýp­gö­ter üýt­ge­di­lip, döw­re­bap aras­sa­la­nan agyz su­wu­ny ön­dü­ri­ji köp­ san­ly kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­di. Şeý­le­lik­de, ke­pil­len­di­ri­len aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edil­me­gi ila­tyň sag­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­sir edip, bir­nä­çe ke­sel­le­riň so­ňu­na çy­ky­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow daş­ky gur­şa­wy, ýer, suw, baý­lyk­la­ry­ny, at­mos­fe­ra­ny go­ra­mak, hem-de Aral deň­zi­niň Türk­me­nis­ta­na go­laý ýer­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ilat­ly ýer­le­riň me­de­ni zo­lak­la­ryn­da we daş-tö­we­rek­le­rin­de bag­la­ryň ekil­me­gi, köp ­san­ly suw çüw­dü­rim­le­ri­niň bi­na edil­me­gi, tä­ze, döw­re­bap aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, şä­her­de ulag gat­na­wy­nyň azal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän köp zo­lak­ly köp­rü­le­riň gu­rul­ma­gy adam­la­ryň sag­ly­gy üçin amat­ly we aras­sa eko­lo­gi­ýa işi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ýo­kanç ke­sel­le­re epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi ul­ga­my do­ly ýo­la go­ýul­dy. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­na dra­kun­kul­ýo­zyň eli­mi­na­si­ýa­sy ba­ra­da BSGG-niň gü­wä­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri wak­si­na­lar bi­len öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy bo­lup dur­ýar. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça wak­si­na we san­jym se­riş­de­le­ri­niň sa­tyn alyn­ma­gy döw­let býu­je­ti­niň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­ýar. Ça­ga­la­ra öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­ny­lan ýo­ka­ry hil­li wak­si­na­lar bi­len ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li. Im­mu­no­bio­lo­gik se­riş­de­le­ri sak­la­mak­da hem-de da­şa­mak­da ze­rur şert­le­ri üp­jün ed­ýän so­wuk­lyk zyn­jy­ry­nyň ul­ga­my ep-es­li ber­ki­dil­di we kä­mil­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de öňü­ni alyş san­jym­la­ryň mil­li ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, ça­ga­lar tö­leg­siz esas­da 11 sa­ny ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy, ýag­ny: gök­bog­ma, dif­te­ri­ýa, bür­mä, “B” ge­pa­ti­te, “b” gör­nüş­li ge­mo­fil ýo­kan­jy­na, gy­za­my­ga, gy­zyl­ja, hap­gyrt­ma, in­çe­ke­se­le, po­lio­mi­e­li­te we ada­myň pa­pil­lo­ma wi­ru­sy­na gar­şy wak­si­na­la­ry al­ýar­lar. Ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň san­jym bi­len gur­şa­wy 95 gö­te­rim­den ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ýar. Oňat hil­li öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi we wak­si­na­lar bi­len do­lan­dy­ryl­ýan ýo­kanç­la­ra ne­ti­je­li epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Kä­bir ýo­kanç ke­sel­ler do­ly ýok edil­di we dif­te­ri­ýa, bür­me, gök­bog­ma, hap­gyrt­ma hem-de beý­le­ki­ler düýp­li pe­sel­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan “Ýurt­da ýa­ba­ny po­lio­wi­ru­syň sir­kul­ýa­si­ýa­sy­nyň ýok edil­me­gi ba­ra­da gü­wa­na­ma­ny” al­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­hat­la­ry bo­ýun­ça “Türk­me­nis­tan­da gy­za­my­gyň we do­ga­bit­di gy­zyl­ja ýo­kan­jy­nyň öňü­ni al­mak” mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di. 2015-nji ýyl­da BSGG-niň se­bit to­pa­ry ýur­du­myz­da gy­za­my­gyň we gy­zyl­ja­nyň eli­mi­na­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň “2015-nji ýyl­da gyz­zyr­ma gar­şy gö­reş­den eli­mi­na­si­ýa­sy­na geç­mek” ha­kyn­da­ky stra­te­gi­k me­ýil­na­ma­sy­ny gol­da­mak we ony ka­bul et­mek bi­len bu ba­bat­da­ky çä­re­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan 2010-njy ýyl­da gyz­zyr­ma­nyň eli­mi­na­si­ýa­sy­ny ga­za­nan ýurt­la­ryň sa­na­wy­na go­şul­dy. Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä üçin mö­hüm bo­lup dur­ýan tro­pi­ki we pa­ra­zi­tar ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu stra­te­gi­ýa­nyň çäk­le­rin­de leýş­ma­nio­zy epi­de­mio­lo­gi­ýa taý­dan gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak, be­jer­mek we bar­lag­ha­na bar­lag­la­ry bi­len anyk­la­mak bo­ýun­ça hem­me res­mi­na­ma­lar tä­ze­len­di. Bak­te­rial, wi­rus­ly we pa­ra­zi­to­lo­gi­ki ke­sel­le­ri anyk­la­mak bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň bar­lag­ha­na­la­ry ýyl­sa­ýyn kä­mil­leş­di­ril­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa bar­lag­ha­na­sy Mil­li pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa re­fe­rens-bar­lag­ha­na­sy hök­mün­de tas­syk­la­nyl­dy hem-de 2009-njy ýyl­da hal­ka­ra akk­re­di­ta­si­ýa­ny geç­di we pa­ra­zi­tar hem-de tro­pi­ki ke­sel­le­ri­ni anyk­la­mak bo­ýun­ça Mil­li re­fe­rens-bar­lag­ha­na­sy­nyň hil gü­wä­na­ma­sy­ny al­dy. Hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan ke­sel­le­riň öňü­ni alyş iş­le­rini has-da kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­tan­da “Luk­man­çy­lyk ga­lyn­dy­la­ry bi­len howp­suz iş­le­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma” hem-de “Mik­rob­la­ra gar­şy der­man­la­ra dur­nuk­ly­ly­gyň dö­re­me­gi­ne gar­şy he­re­ket­le­riň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy” iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň öňün­de go­ýlan iň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri-de Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­ni aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň ge­ti­ril­me­gin­den go­rap sak­la­mak­dyr. Şeý­le­lik­de, hem­me döw­let ser­het ge­çel­ge­le­rin­de, ho­wa, de­mir hem-de aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk-ka­ran­tin bö­lüm­le­ri we no­kat­la­ry gi­je-gün­diz he­re­ket ed­ýär­ler. Aş­ga­bat, Türk­me­na­bat we Türk­men­ba­şy şä­her­le­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­rin­de hem-de Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da we aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len uzak ara­lyk­dan adam be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny öl­çe­ýän “Te­ro­kam” en­jam­la­ry gur­nal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­niň sa­ni­ta­ri­ýa go­ra­gy hal­ka­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş-aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de üp­jün edil­ýär hem-de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýo­kanç ke­sel­le­riň da­şyn­dan ge­ti­ril­me­gin­den sa­ni­ta­ria-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň we onuň öňü­ni al­ma­gyň ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry sep­git­le­re ýe­til­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ala­da­sy ne­ti­je­sin­de, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Hu­su­san-da, Aş­ga­bat we Türk­men­ba­şy şä­her­le­ri­niň aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bi­na­la­ry­nyň dur­ky düýp­li tä­ze­le­nil­di hem-de iň öň­de­ba­ry­jy ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri we gu­ra­ma­çy­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bar­lag­ha­na bö­lüm­çe­le­ri hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň hem-de et­rap­la­ryň aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän bi­na­la­ry­nyň dur­ku­ny düýp­li tä­ze­le­mek hem-de tä­ze bi­na­la­ry­ny gur­mak iş­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2016-njy ýyl­da paý­tag­ty­myz­da se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk hem-de iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi­niň tä­ze bi­na­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu dü­züm­ler­de ila­tyň sag­ly­gy­ny daş­ky gur­şa­wyň fi­zi­ki, hi­mi­ki we bio­lo­gi­ki tä­sir­le­rin­den, şol san­da dür­li ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ra­ma­ga we öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­maga gö­nük­di­ri­len döw­re­bap iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zin­de bar­lag­ha­na usul­la­ry­ny ulan­mak bi­len ilat­ly no­kat­la­ryň, önüm­çi­lik we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ho­wa­sy­na, agyz su­wu­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik al­nyp ba­ryl­ýar. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa iý­mit teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we sag­dyn iý­mit­len­me­giň öw­re­nil­me­gi hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy we usu­ly­ýet res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bo­ýun­ça ÝU­NISEF hem-de BSGG bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän mer­kez­ler we ins­ti­tut­lar bilen bi­le­lik­de yl­my-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi­ne aý­ra­tyn howp­ly ke­sel­le­riň ge­ti­ril­me­gi­ne hem-de ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bar­lag­ha­na gö­zeg­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly hem-de iň tä­ze usul­la­ry ar­ka­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu mer­kez­ler­de sa­ni­ta­ri­ýa­nyň, gi­gi­ýe­na­nyň hem-de epi­de­mio­lo­gi­ýa­nyň, şol san­da iý­mit­len­me we bar­lag­ha­na işi­niň dür­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ta­lyp­la­ry, luk­man­la­ry, or­ta sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni we beý­le­ki hü­när­men­le­ri okat­mak hem-de hü­när de­re­je­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler ýo­la go­ýul­dy. 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan müň­ler­çe myh­man­la­ryň paý­tag­ty­my­za ge­len döw­rün­de Döw­let aras­sa­çy­lyk hem-de ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan sa­ni­ta­ri­ýa-gi­gi­ýe­na we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy çä­re­le­ri de­giş­li de­re­je­de alyp bar­mak mak­sa­dy bi­len, bu ugur bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gu­ral­dy we ge­çi­ril­di. Bu gul­lu­gyň işi­niň şu gün­ki wa­jyp we­zi­pe­si işe bo­lan tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri ös­dür­mek­den, her bir hü­när­me­niň we ýol­baş­çy­nyň ukyp ba­şar­ny­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan hem-de hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ta­la­by­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ne­ti­je­li iş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ha­kyn­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­sy­na jo­gap edip, gul­lu­gyň işi ýur­du­myz­da sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny we ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça asyl­ly we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de hem-de bu ugur ba­bat­da­ky hu­kuk­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de bar bo­lan me­se­le­le­riň ne­ti­je­li çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ril­ýär.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow