Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr
Jemgyýet
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr
Çap edildi 19.07.2018
2667

Şu gün, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň — kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy­na ola­ryň äh­li mö­hüm tap­gyr­la­ryn­da, şol san­da des­ga­lar gur­lan­da we en­jam­laş­dy­ry­lan­da hut özi gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Hu­su­san-da, ge­çen ýy­lyň 23-nji ýan­wa­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Türk­me­na­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we ýur­du­myz­da örän uly kö­pu­gur­ly we­la­ýat has­sa­ha­na­sy gu­rul­ýar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 47,6 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýän luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň çäk­le­ri­ni syn­lap, bu öz­bo­luş­ly eda­ra­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe tu­tuş ýur­du­myz­dan däl-de, eý­sem, da­şa­ry döw­let­ler­den, oza­ly bi­len, goň­şy ýurt­lar­dan, şol san­da Ow­ga­nys­tan­dan nä­sag­la­ry ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip bel­le­di. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýö­ri­te­leş­di­ri­len bö­lüm­le­riň en­çe­me­si­ni öz içi­ne al­ýan kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň dü­zü­mi plan­şet­ler­de we ma­ket­ler­de gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne da­şa­ry ýurt­ly nä­sag­la­ryň gel­me­gi bi­len bag­ly äh­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni göz öňün­de tut­ma­gy tab­şyr­dy, şeý­le hem yl­my-usu­ly­ýet we iş­gär­ler, has­sa­ha­na­da iş­le­mek üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri çek­mek, paý­tag­ty­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş has­sa­ha­na­la­ry bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di. Bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we aba­dan­çy­ly­gy­na, her bir ra­ýa­tyň bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­na uly ün­süň be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu bol­sa, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rü­lip, oňa şä­her we we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri, Türk­me­na­ba­dyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, köp­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ho­wa şar­la­ry we dür­li reňk­li toý bag­la­ry, çar­çu­wa­ly şy­gar­lar bi­len be­ze­len be­je­riş bi­na­la­ryň ýa­nyn­da eziz Wa­ta­ny­my­zy hem-de hä­zir­ki döw­re mah­sus bo­lan aja­ýyp öz­gert­me­le­ri wasp ed­ýän aý­dym­lar we saz­lar ýaň­la­nyp, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry joş­gun­ly tans­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Luk­man­çy­lyk mer­ke­zi kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­ny, şeý­le hem luk­man­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Bu iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy hu­su­sy kär­ha­na — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy. 676 orun­lyk 5 gat­ly baş bi­na­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek, anes­te­zio­lo­gi­ýa-rea­ni­ma­si­ýa, an­giog­ra­fi­ýa, pul­mo­no­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, ge­mo­gia­liz, ren­ge­no­lo­gi­ýa, of­tal­mo­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa, nef­ro­ge­ma­to­lo­gi­ýa, neý­ro­hi­rur­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa, mer­ke­zi we pe­ri­fe­ri­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri, oňur­ga pa­to­lo­gi­ýa­sy, rew­ma­to­lo­gi­ýa, tok­si­ko­lo­gi­ýa, traw­mo­to­lo­gi­ýa we or­to­pe­di­ýa, uro­lo­gi­ýa, şeý­le hem traw­mo­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi, gan ban­ky, bar­lag­ha­na we beý­le­ki­ler bar. Ola­ryň üp­jün­çi­li­gi jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň äh­li de­re­je­le­rin­de döw­re­bap en­jam­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň üç gat­ly bi­na­syn­da 160 orun­lyk ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­je­riş we öňü­ni alyş mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da nä­sag­la­ry ka­bul et­mek üçin has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi ýer­leş­di­ri­len we her nä­sa­gyň gü­man edil­ýän ýo­kan­jy­na la­ýyk­lyk­da aý­ra­tyn otag­lar­da ka­bul et­mek we ge­rek bo­lan­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li şert­ler bar. Şeý­le hem şu gat­da ho­wa-dam­ja ýo­ly ar­ka­ly geç­ýän ke­sel­li nä­sag­la­ry be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen bö­lüm ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de nä­sag­lar üçin se­kiz sa­ny aý­ra­tyn otag­lar bar. Bu ýer­de nä­sag­la­ry gys­sag­ly ýag­daý­da ug­rat­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da luk­man­çy­lyk awia­si­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak üçin di­ku­çar meý­dan­ça­sy gur­nal­dy, ýö­ri­te ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan nä­sag­la­ryň ça­gy­ryş­la­ry­na öz wag­tyn­da ses­len­me­gi üp­jün et­mek üçin gep­le­şik en­jam­la­ry, be­je­riş iş­le­ri­niň hem-de nä­sag­la­ra hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan le­bap­ly luk­man­la­ra tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin flýuo­rog­ra­fi­ýa, gan al­mak üçin we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýö­ri­te aw­tou­lag­lar sow­gat be­ril­di. Has­sa­ha­na­nyň ýa­nyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my hem bi­na edil­di. Onuň gur­lu­şy­gy­na 2016-njy ýy­lyň iýul aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Top­lum giň 3 we 4 otag­ly öý­le­ri, en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na­la­ry, eý­wan­la­ry bo­lan ýo­ka­ry amat­lyk­ly 4 gat­ly jaý­la­ryň 6-sy­ny öz içi­ne al­ýar. Şä­her­çe 200-e go­laý maş­ga­la­nyň ýa­şa­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen­dir. Jaý­lar mil­li bi­na­gär­li­giň ala­mat­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len döw­re­bap gör­nüş­de, äh­li amat­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lyp, bi­na edil­di. Mu­nuň özi bol­sa mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. *** Ma­ry şä­he­rin­de Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­ny­lyp, ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn öz­gert­me­le­ri ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä ül­ňü­le­ri­niň de­re­je­si­ne ynam­ly çyk­dy. Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da hem-de we­la­ýat­la­ryn­da hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän be­je­riş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Mu­nuň özi ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne giň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2015-nji ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de ola­ry öň­de­ba­ry­jy til­si­mat­ly be­je­riş-öňü­ni alyş hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­ny gur­mak ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Ka­ra­ra gol çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň mart aýyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne bo­lan res­mi sa­pa­ry türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­ny ok­gun­ly ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len türk­men-emir­lik­ler gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, BAE-niň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Şeýh Mu­ham­med Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan beý­le­ki mö­hüm me­se­le­ler bi­len bir­lik­de, Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň iler­le­di­li­şi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ine, şu gün mil­li Li­de­ri­mi­ziň ala­da­sy ne­ti­je­sin­de tu­tuş Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň kör­pe­le­ri­ne hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň dü­zü­mi­ne hi­rur­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa we rew­mo­kar­dio­lo­gi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, anes­te­zio­lo­gi­ýa, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş, ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, ra­dio­lo­gi­ýa, gan ban­ky bö­lüm­le­ri gir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, nä­sag­la­ry dür­li ugur­ly hü­när­men­ler — of­tal­mo­log, oto­la­rin­go­log, en­dok­ri­no­log, kar­dio­log, uro­log, traw­mo­to­log-or­to­ped, sur­do­lo­g we beý­le­ki­ler ka­bul eder. Has­sa­ha­na­nyň anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş bö­lü­mi elekt­roen­se­fa­log­raf, rent­gen, to­mog­raf, wi­deo­fib­rob­ron­hos­kop, fib­ro­gast­ros­kop, EKG we beý­le­ki iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Fi­zio­te­ra­pi­ýa ota­gyn­da elekt­ro, ýy­ly­lyk we yşyk te­ra­pi­ýa­sy­nyň dür­li usul­la­ry­ny (UWÇ, elekt­ro­fo­rez, kwars we beý­le­ki­ler) ulan­mak üçin iň tä­ze en­jam­lar ýer­leş­di­ri­len­dir. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­sy ýö­ri­te en­jam­la­ry çy­kar­ma­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky ke­se­li anyk­la­ýyş we be­je­riş en­jam­la­ry, şeý­le hem beý­le­ki ýö­ri­te ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Bir we iki orun­lyk otag­lar­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Döw­re­bap ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýat­dan çyk­ma­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne öw­rül­di. Oňa ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar, we­la­ýa­tyň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň yn­san­per­wer iş­le­ri bo­ýun­ça baş di­rek­to­ry Mu­ham­met Al Hu­ri bar. Da­ba­ra my­na­sy­bet­li tä­ze des­ga­nyň aba­dan­laş­dy­ry­lan çä­gi baý­dak­lar hem-de dür­li reňk­li len­ta­lar bi­len be­zel­di. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ry öz sun­ga­ty bi­len be­gen­dir­di­ler.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow