Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär
Jemgyýet
Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär
Çap edildi 23.07.2018
2245

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. Uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük şu gün doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine ýetirildi. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy ýurduň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegi iberdi. Kermanşah welaýatynyň häkimi Huşang Bazwand türkmen wekiliýetinden doganlyk ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Bu Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň nobatdaky gezek dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we ösdürmegiň, zerur bolan ýagdaýynda kömek bermek üçin gol uzatmagyň gadymdan gelýän däpleri türkmenlerde asyrlarboýy dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Goňşy Eýranyň günorta-gündogarynda bolup geçen tebigy hadysa uly weýrançylyklara getirip, ýerli ilat ejir çekdi. Milletimize mahsus bolan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alýan Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habara seslenip, Eýranyň halky üçin ynsanperwer kömegini iberdi. Biziň ýurtlarymyz gadymdan gelýän doganlyk we ruhy ýakynlyk bilen baglydyr. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp, iki halkyň birek-birege hormat goýmagynyň möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň we Eýranyň paýtagtlarynda yzygiderli geçirilýän medeniýet günleri, şeýle hem ylmy maslahatlar doganlyk halklaryň medeni däpleriniň özara baýlaşmagyna hyzmat edýär. Soňky onlarça ýyllaryň içinde biziň ýurtlarymyz bilelikdäki iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly oňyn tejribesini topladylar. Şol taslamalar türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga gönükdirilip, tutuş sebitiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şolaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly bar, ol sebitiň we dünýäniň ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm halkasyna öwrüldi. Şu ynsanperwer çäre iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezdiginiň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow