«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awgust aýynyň başynda gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýän çäre türkmen döwletiniň uzak möhletleýin döwre, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň wagyz edilmegini, Hazar deňziniň giňişliginde ekologiýa howpsuzlygynyň durnukly ösüşini esasy ugur edinýär. Bu çäräni guraýjylar onuň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, zehinli çagalaryň arasynda Hazaryň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan bäsleşigi geçirdiler. Bu çäräni Daşary işler ministrligi, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi guradylar. Oňa ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň alym-ekologlary we tebigaty goraýyş düzüminiň işgärleri, döredijilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýeti ýaly iri halkara guramalaryň wekilleri bar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda “Hazar deňziniň gurşawyny goramakda ýetilen sepgitler” atly ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa wezipelerini çözmekde görelde görkezýändigi bellenildi. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahatda Hazar deňziniň ajaýyp ekoulgamyny saklamak, tebigy aýratynlyklaryny we biodürlüligini goramak boýunça ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda öňe süren halkara başlangyçlarynyň wajypdygyny bellediler. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar sebit merkezini açmak, tutuş adamzadyň milli baýlygy hasaplanylýan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraply işjeň guralyny döretmek ýaly teklipler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine laýyklykda, birnäçe möhüm halkara resminamalary, şol sanda Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk bar. Şeýle hem türkmen tarapy Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň gutarnykly görnüşini taýýarlamagy öňe sürdi. Bu resminamany taýýarlamak boýunça işler Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we onuň hapalanmagyna gözegçilik boýunça Utgaşdyryjy komitete başlyklyk edýän döwründe tamamlandy. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döreder. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna häzirki zaman kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, zerur çäreler görülýär, gurulýan zawodlaryň, fabrikleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy ekologiýa ölçeglerine we talaplaryna laýyk getirilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylýandygynyň anyk mysaly hökmünde getirmek bolar. Täze tehnologiýa enjamlary gurnalanda şolarda daşky gurşawy goramaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalar peýdalanylýar. Bu toplum GDA döwletleriniň kärhanalarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup, etilirlenen benziniň önümçiligini bes etdi, halkara hil ölçeglerine kybap gelýän ýokary oktanly ýangyjyň, gidroarassalanan dizel ýangyjynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu toplumda arassalaýjy desgalaryň hem-de ýangyç we nebithimiýa enjamlarynyň aýlanyşykly suw üpjünçiliginiň täze senagat ulgamy ulanylmaga berildi. Bu bolsa zyýanly maddalaryň topraga hem-de ýerasty suwlara düşmek töwekgelçiligini birnäçe esse azaltdy, suwy gaýtadan peýdalanmak, şol sanda tehniki hajatlar hem-de ekinleri suwarmak üçin ulanmaga mümkinçilik döredi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini bellediler. Şu ýylyň mart aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahat indi altynjy ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hem-de Halkara ummanlar institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky ähtnama laýyklykda guralýar. Hazaryň gününiň baýramçylyk maksatnamasyny sport we medeni — aň-paýhas çäreleri bezedi, bu çäreler “Daýanç” çagalar sagaldyş merkeziniň çäginde Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň we dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda guraldy. Mekdep okuwçylary Hazaryň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan «Iň gowy surat» diýen bäsleşige gatnaşyp, emin agzalaryna diňe bir zehinli işlerini däl-de, janly tebigatyň örän näzik hem-de ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň möhümdigine düşünýändiklerini görkezdiler. Sport we aň-paýhas bäsleşikleriniň hem-de iň gowy surat bäsleşiginiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň köpüsi üçin ekologiýa meseleleri babatynda bäsleşikler mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişlikleriniň hem-de onda mesgen tutan jandarlaryň ykbaly üçin şahsy jogapkärçilige göz ýetirmegiň, daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamagyň möhümdigine düşünmegiň ilkinji tejribesi boldy. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk agşamynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilen dabara oňa gatnaşyjylara hem-de myhmanlara ýatdan çykmajak täze duýgulary eçildi. Şeýle hem Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy dürdänesini gorap saklamagyň ýolunda ýene bir ädim boldy.