Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­dy
Jemgyýet
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­dy
Çap edildi 22.08.2018
3275

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Now­ruz ýaý­la­syn­da Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di we bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy, şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da baý me­de­ni­ýe­ti, aja­ýyp däp-des­sur­la­ry dö­re­den türk­men hal­ky Gur­ban baý­ra­my­na aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar. Bu baý­ra­myň yn­san­per­wer­lik ma­ny-maz­mu­ny, mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak ba­ba­tyn­da uly äh­mi­ýe­ti, onuň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry türk­me­nis­tan­ly­la­ry so­gap iş­le­re, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik mak­sat­la­ry­na ruh­lan­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hal­ky­my­za ibe­ren Gut­la­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gur­ban baý­ra­my­na aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu ga­dy­my baý­ra­myň jem­gy­ýe­ti­mi­zi me­de­ni-ru­hy taý­dan kä­mil­leş­dir­mek­de hem-de baý­laş­dyr­mak­da, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz beý­le­ki halk­lar bi­len bir­lik­de, türk­men hal­ky­nyň hem yn­sa­ny be­lent ah­lak­ly­ly­ga, wyž­dan päk­li­gi­ne ug­ruk­dyr­ýan il­kin­ji din­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de, ynanç-yg­ty­kat­la­ryň, adat-des­sur­la­ryň, yn­san­per­wer we dün­ýe­wi gym­mat­lyk­la­ryň dö­re­me­gin­de hem-de baý­laş­ma­gyn­da uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. Biz ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mu­kad­des däp­le­ri­mi­ze buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys. Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li baý ma­ny-maz­mun­ly me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri hem-de kon­sert­ler gu­ral­ýar. Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gur­na­lan be­lent hiň­ňil­dik­le­riň tö­we­re­gi has-da köp mä­re­ke­li, olar Gur­ban baý­ra­my­nyň aý­ra­tyn be­ze­gi­dir. Bu gö­zel däp-des­sur nu­ra­na baý­ra­ma gaý­ta­lan­ma­jak öwüş­gin çaý­ýar. «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da re­him­dar­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan Gur­ban baý­ra­my äh­li halk­la­ryň ara­syn­da äh­lu­mu­my ösü­şiň hem-de aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dost­luk we hyz­mat­daş­lyk duý­gu­la­ry­na bes­le­nen­dir, bu baý­ram mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­niň hem-de ga­dym­dan göz­baş al­ýan myh­man­sö­ýer­li­gi­niň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň we hä­zir­ki döw­rüň me­ýil­le­ri bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­na öw­rül­ýär. Bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­lar Aş­ga­bat­dan uzak bol­ma­dyk Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­di, bu ýer­de ägirt uly “Ak öý” se­leň­läp gö­rün­ýär. Ak öý ga­dy­my ýö­rel­ge­le­re, hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar. El­bet­de, ol in­di ga­dym­dan bä­ri ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň or­nu­ny tut­ma­ýar, em­ma bu we­zi­pä­niň çäk­le­rin­den çyk­mak bi­len, ýö­rel­ge­le­re, maş­ga­la sü­tün­le­ri­ne, öý-oja­gy­na, je­bis­li­ge we­pa­ly­ly­gyň be­ýa­ny­na öw­rül­di. Türk­men hal­ky­nyň dü­şün­je­sin­de “Ak öý” öz­bo­luş­ly aňy­ýet dün­ýä­si­ni aň­lad­ýar, onuň aý­law bin­ýa­dy Gü­nüň ny­şa­ny bo­lup, dur­mu­şyň, pä­him-paý­ha­syň, ru­hy baş­lan­gyç­la­ryň mil­li­li­gi­ni aň­lad­ýar. Şu gün “Ak öý” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça aý­ra­tyn köp adam­ly, joş­gun­ly aý­dym-saz­lar ýaň­lan­ýar. Bir ha­ta­ra dü­zü­len hem-de ýaş­la­ryň gur­şap alan hiň­ňil­dik­le­rin­den şa­dy­ýan gül­ki ses­le­ri eşi­dil­ýär. Hiň­ňil­dik­ler­de öz­bo­luş­ly uç­mak ru­hy tä­miz­le­ýiş dä­bi bo­lup, ol tä­ze güýç-kuw­wat hem-de nu­ra­na duý­gu­la­ry oýar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri gar­şy­la­ýar. Mil­li ly­bas­ly gyz­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy nu­ra­na baý­ram bi­len gut­lap, gül des­se­le­ri­ni gow­şur­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­miz we beý­le­ki da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ýo­lug­ra bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­sy­ny syn­lap, jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän bi­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy­lar. Bu ýer­de gün­do­gar er­te­ki­si­ni ýat­lad­ýan tä­sin ak öý­ler öz ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar. Giň ýaý­la uly baý­ram­çy­lyk to­ýy üçin aja­ýyp sah­na öw­rül­ýär, türk­men oba­sy­nyň ga­dym­dan gel­ýän dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz dü­züm­le­ri onuň be­ze­gi bol­dy. Se­net­çi­lik us­sa­ha­na­la­ry we söw­da dü­kan­la­ry bu oba­nyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr, şo­la­ryň tö­we­re­gin­de köp adam­ly dur­muş joş­ýar, bu gör­nüş ga­dy­my şä­her­le­riň, ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň üs­tün­den geç­ýän söw­da ýol­la­ry­nyň ug­run­da peý­da bo­lan gün­do­gar ba­zar­la­ry­ny ýat­lad­ýar. Aý­dyň öwüş­gin­li na­gyş­lar hem-de söw­da­gär­le­riň ça­gy­ryş­la­ry­na bes­le­nen türk­men oba­sy­nyň dur­mu­şy­nyň tä­sin dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, onuň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny duý­mak bol­ýar. Bag­şy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ga­dy­my mu­kam­la­ry baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy, ola­ryň tö­we­re­gi­ne diň­leý­ji­ler ýyg­nan­ýar. Aňyr­rak­da bol­sa päl­wan­lar bäs­leş­ýär hem-de şa­dy­ýan mil­li oýun­lar ýaý­baň­lan­ýar, ga­dy­my dö­wür­ler­de şeý­le oýun­lar üçin aý­ra­tyn ýer­ler bel­le­nip­dir. Bu ýer­de ýet­gin­jek­ler ýag­ly­ga to­wus­mak oý­ny bo­ýun­ça bäs­leş­ýär, kim has ýo­ka­ry bö­küp, ýag­ly­ga eli­ni ýe­tir­se, ýe­ňi­ji ha­sap edil­ýär, og­lan­jyk­lar bol­sa, aşyk oý­na­ýar­lar, “aý­te­rek-gün­te­rek” oý­nun­da güýç sy­na­nyş­ýar­lar. Spor­tuň mil­li we hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ýur­du­myz­da, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­de ösüş­le­re eýe bol­dy. Aňyr­rak­da ojak­lar­dan gö­te­ril­ýän tüs­se as­ma­na gal­ýar, bu ýer­de dür­li ta­gam­lar hö­dür edil­ýär, şo­la­ryň hoş­boý ysy tö­we­re­ge ýaý­ra­ýar, owa­dan na­gyş­ly sa­çak­lar ýa­zyl­ýar. Us­sat aş­pez­ler mil­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ga­dy­my usul­la­ry­ny ele alan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler, myh­man­la­ra ta­gam­lar­dan da­dyp gör­mek hö­dür edil­ýär. Ägirt uly “Ak öý” bi­na­sy­nyň daş-tö­we­re­gi­ni baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len ak öý­le­riň ha­ta­ry gur­şap al­ýar. Bu ýer­de ga­dy­my des­sur­lar hem-de adat­lar gaý­ta­dan jan­lan­ýar, ga­dy­my se­net­ler, el iş­le­ri gör­ke­zil­ýär, halk dö­re­di­ji­li­gi äheň­le­rin­de sah­na­lar go­ýul­ýar. Aja­ýyp be­dew­le­re at­la­nan türk­men ji­git­le­ri, ýö­ri­te agyl­lar­da­ky go­ýun­lar we dü­ýe­ler bu aja­ýyp gör­nü­şe öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­ýar. Ena­ýy­ja kö­şe­jik­ler öz ene­le­ri­ne gys­myl­jy­ra­ýar­lar, dü­ýe­ler bol­sa te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ra äw­mez­lik we asu­da ga­ra­ýar­lar. Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky şu gün­ki da­ba­ra­lar ýa­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­na, hal­kyň ta­ry­hy tej­ri­be­si­niň çuň­ňur­ly­gy­na hem-de gym­mat­ly­gy­na dü­şün­mä­ge, ene top­rak hem-de tu­tuş dün­ýä bi­len bir bi­te­wü­li­gi duý­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin des­sur­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen bi­na bar­dy, bu ýer­de Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­ni Ha­jy-Ar­ka­da­gy­myz Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di. Sa­da­ka be­ril­ýän ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ymam­la­ry, paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ag­za­la­ry we beý­le­ki­ler ýyg­nan­dy­lar. Ta­gam çe­ki­lmezin­den öň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­len­di. Şu gün dün­ýä­niň äh­li mu­sul­man­la­ry üçin nu­ra­na hem mu­kad­des baý­ram bo­lan Gur­ban baý­ra­my baş­lan­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Bu baý­ram ýur­du­myz­da äh­li­halk baý­ra­my hök­mün­de üç gün­läp döw­let de­re­je­sin­de giň­den hem-de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem­me­le­ri Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­lap, “Gur­ban baý­ra­my­ňyz gut­ly bol­sun, gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­ňyz ka­bul bol­sun!” diý­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki da­ba­ra­la­ryň Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ýaý­la­nyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ýan, mil­li toý-baý­ram­la­ry­my­zyň giň­den bel­le­nil­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. «Ak öý» bi­na­sy bol­sa bi­ziň mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň ny­şa­ny­dyr. Ol mi­ze­mez döw­le­ti­mi­ziň her bir öý-oja­gyň aba­dan­çy­ly­gyn­dan baş­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Öň hem bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, türk­men hal­ky gur­sa­gy Al­la­ly halk­dyr. Bi­ziň hal­ky­myz ys­la­myň gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­niň ru­hy baý­lyk­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryp, asyl­ly däp­le­ri­ni ne­sil­le­re mi­ras go­ýan halk­dyr. Bu ha­ky­kat Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de has-da aý­dyň gö­rün­ýär. Bu baý­ram­da hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy päk­li­gi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sy­la­gy do­ly ýü­ze çyk­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Gur­ban baý­ra­myn­da mäh­ri­ban hal­ky­myz dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­lap, toý sa­çak­la­ry­ny giň­den ýaz­ýar. Adam­lar be­re­ket­li sa­çak­la­ryň ba­şyn­da di­dar­laş­ýar­lar we ýag­şy do­ga-di­leg­le­ri ed­ýär­ler. Oba-şä­her­le­ri­miz­de hiň­ňil­dik­ler gur­na­lyp, toý da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry öz çy­kyş­la­ry bi­len baý­ram­çy­ly­gyň şat­lyk-şow­hu­ny­ny art­dyr­ýar­lar. Döw­rü­mi­ziň rys­gal-be­re­ke­di­ni, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny gör­kez­ýän bu baý­ram ag­zy­bir hal­ky­my­zy has-da je­bis­leş­dir­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Gur­ban baý­ra­my ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň, ar­zuw-umyt­la­ryň, be­lent mak­sat­la­ryň baý­ra­my­dyr. Baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da, däp bol­şy ýa­ly, türk­me­nis­tan­ly zy­ýa­rat­çy­la­ryň uly to­pa­ry Mek­gä we Me­di­nä haj par­zy­ny ber­jaý et­mek üçin Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na ug­ra­dyl­dy. Mu­nuň özi bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yn­san­per­wer­lik we ru­hy-ah­lak däp-des­sur­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Wa­tan­daş­la­ry­myz mu­kad­des Kä­be­de Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy üçin Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg ed­ýär­ler. Gur­ban baý­ra­my türk­men dün­ýä­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Hal­ky­myz bu ga­dy­my baý­ra­myň ma­ny-maz­mu­ny­na mil­li ynan­jy­ny, ada­ty­ny, däp-des­su­ry­ny siň­di­rip­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ýaş ne­sil­ler­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ha­lal­lyk, dost­luk, we­pa­ly­lyk, ula hor­mat goý­mak ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de hem bu baý­ra­myň or­ny ulu­dyr. Biz 2018-nji ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýip yg­lan et­dik di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Biz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bi­len, türk­men döw­le­ti­ni yn­san­per­wer­li­giň, iň asyl­ly mak­sat­la­ryň döw­le­ti hök­mün­de hem dün­ýä ta­nad­ýa­rys. Hal­ky­my­zyň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri, is­leg-ar­zuw­la­ry, däp-des­sur­la­ry döw­le­tiň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýar. Şol hä­si­ýet­ler pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak­dyr, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk et­mek­dir, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa goý­mak­dyr, ag­zy­bir­lik­dir, her bir iş­de adam mer­te­be­si­ni be­lent­de tut­mak­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň için­de we da­şyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Biz dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýa­rys, pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň düýp bin­ýa­dyn­da hem bi­ziň mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz du­ran­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, bi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk ýo­lu­myz dün­ýä­de gyz­gyn gol­daw tap­ýar. Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Bu ösüş­le­riň äh­li­si hem ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ler ýur­du­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my­na-da giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ni bel­läp, şo­nuň öňü­sy­ra­syn­da bol­sa paý­tag­ty­myz­da Halk mas­la­ha­ty­nyň il­kin­ji mej­li­si­ni ge­çi­re­ris di­ýip aýt­dy. Halk mas­la­ha­ty jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, bi­ziň bi­te­wü­li­gi­mi­ziň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly däp-des­sur­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, hal­ky­my­zyň öz yk­ba­ly­ny özi kes­git­le­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­ke­zer. Ak gel­je­ge uza­ýan ösüş ýo­lu­myz­da tä­ze göz­ýe­tim­le­ri açar. Bi­ziň ýo­lu­myz hal­kyň ýo­lu­dyr. Hal­kyň ýo­ly bol­sa Ha­kyň, ha­ky­ka­tyň ýo­lu­dyr. Mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­ziň hem­mä­mi­ziň is­leg-ar­zuw­la­ry­my­zy we mak­sat­la­ry­my­zy, ine, şeý­le ha­ky­kat­da jem­le­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz hem­me­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek baý­ram­çy­lyk bi­len gut­lap, Gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ryň, ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne te­bä­rek çy­kyp ber­me­gi ha­ýyş et­di. Te­bä­rek çy­ky­lan­dan soň, mil­li ta­gam­lar çe­kil­di. Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­ki­lip, duz-ta­gam da­dy­lan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si toý tö­wi­ri­ni et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ni röw­şen Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, bu baý­ra­myň her bir öý­de we maş­ga­la­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni, şat­lyk hem-de je­bis­lik ge­tir­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň gel­jek­de-de aba­dan we asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­na­dan çy­kyp, bu ýer­de ýaý­baň­la­nan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­sy­ny syn­la­dy. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň her bir we­la­ýa­ty özü­niň saz­ly-et­nog­ra­fi­ýa çy­ky­şy­ny gör­kez­di, onuň mak­sat­na­ma­sy­na halk aý­dym-saz­la­ry, ga­dy­my däp-des­sur­lar şöh­le­len­di­ril­ýän to­ma­şa­lar gi­ri­zil­di. Aý­dyň öwüş­gin­li çy­kyş­lar türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­ny, köp­ta­rap­la­ýyn dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­di. Şol wagt­da ýaş­lar mil­li oýun­la­ry hem-de de­giş­me­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, şol çy­kyş­lar şa­dy­ýan we joş­gun­ly aý­dym­lar bi­len ut­gaş­dy. Se­net­kär­le­riň iş­le­ri­niň, ol ýa-da beý­le­ki se­bi­te ga­dym­dan mah­sus bo­lan aý­ra­tyn usul­lar bi­len taý­ýar­la­ny­lan mil­li ta­gam­la­ryň gör­ke­zil­me­gi bu ýer­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ak öý” bi­na­syn­da Hö­kü­me­tiň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Now­ruz ýaý­la­syn­da gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy. *** Türk­me­nis­tan­da nu­ra­na Gur­ban baý­ra­my şat­lyk-şow­hun bi­len gar­şy­lan­dy. Şu gün­ler tu­tuş ýur­du­myz­da gu­ral­ýan da­ba­ra­lar ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na nur çaý­dy, ru­hy gym­mat­lyk­lar, asyr­la­ryň pä­him-paý­ha­sy bi­len baý­laş­dyr­dy, aý­dym-saz­lar, ga­dy­my däp-des­sur­lar be­ze­di hem-de köp san­ly ýat­dan çyk­ma­jak aja­ýyp duý­gu­la­ry we tä­sir­le­ri ba­gyş et­di. Şu gün baý­ram­çy­lyk kon­sert­le­ri we beý­le­ki da­ba­ra­ly çä­re­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň mer­kez­le­rin­de hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow