Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ahalte­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy
Jemgyýet
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ahalte­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy
Çap edildi 02.09.2018
2767

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç gü­ni ir sä­her bi­len Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ede­bi dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­dy hem-de aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ideg et­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de goý­lan su­rat eser­le­ri­ne, ola­ryň her bi­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, çe­per­çi­li­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, her bir sun­gat ese­ri yn­sa­na ýa­kym­ly tä­sir ed­ýär we onuň yl­ha­my­ny joş­dur­ýar, tä­ze eser­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ruh­lan­dyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş ota­gyn­da oza­ly bi­len, tä­ze dö­wür­le­ýin met­bu­gat, ýur­du­my­zyň met­bu­gat se­riş­de­le­rin­de çap edi­len döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re ba­gyş­la­nan tä­ze­lik­ler hem-de mag­lu­mat-sel­je­riş ma­ka­la­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Türk­me­nis­tan­da çap edil­ýän ga­zet­ler di­ňe bir dur­muş-yk­dy­sa­dy, döw­let sy­ýa­sa­ty hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra dur­mu­şy ba­ra­da­ky mö­hüm wa­ka­la­ry be­ýan et­mek bi­len çäk­len­män, ýer­ler­de mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, dür­li eda­ra­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň iş­le­ri, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan adam­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ýär­ler. Ma­ka­la­la­ryň kö­pü­si “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýy­lyň esa­sy me­se­le­si bi­len bir­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gün­de­lik çap bol­ýan ga­zet­ler­de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne uly orun be­ril­ýär, bu ýa­ryş­lar sport döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň de­re­je­si­ni has-da ber­kit­mä­ge ýar­dam eder. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça gu­ral­ýan bu ýa­ryş­lar top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri, şol san­da türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän bi­na­gär­lik we ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri öz içi­ne al­ýar. Şä­her­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň bar­ha öz­ger­ýän keş­bi­ni be­ýan ed­ýän ma­ka­la­lar­da ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat bu düýp­li öz­gert­me­le­riň öň­dä­ki ha­ta­ryn­da bar­ýar. Ol dün­ýä­niň iň owa­dan hem-de ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ýol-ulag dü­zü­mi­niň we şä­he­riň beý­le­ki ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da­ky ma­ka­la­lar ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Şu gün­ler pag­ta ýy­gym möw­sü­mi­ne iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär, bu ba­ra­da hem met­bu­gat­da gür­rüň be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň şa­hy­ra­na joş­gu­ny we dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­nyň gym­mat­lyk­la­ry dynç gün­le­rin­de çyk­ýan ga­zet sa­hy­pa­la­ry­nyň baş be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar oky­jy­la­ryň ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow met­bu­gat bi­len tan­şa­nyn­dan soň­ra, no­bat­da­ky ki­ta­by­nyň gol­ýaz­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­me­gi­ni do­wam et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ede­bi ese­ri tu­tuş hal­ky­my­zyň ar­zy­ly ki­tap­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­ler, dün­ýä oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin bol­sa ýur­du­myz hem-de türk­men mil­le­ti ba­ra­da­ky bi­lim­le­riň gym­mat­ly çeş­me­si bo­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň örän mö­hüm döw­let iş­le­ri hem-de ala­da­la­ry, ýo­ka­ry de­re­je­li sa­par­la­ry hem-de du­şu­şyk­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly dart­gyn­ly iş ter­ti­bi­ne ga­ra­maz­dan, özü­niň ha­la­ýan spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga, saz eserlerini, ede­bi we yl­my eser­le­ri dö­ret­mä­ge wagt tap­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Şun­da mil­li Li­de­ri­miz köp ­san­ly ta­ry­hy çeş­me­le­ri, ar­hiw mag­lu­mat­la­ry­ny hem-de ol ýa-da beý­le­ki me­se­le bo­ýun­ça mag­lu­mat­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn tu­tan­ýer­li­lik bi­len öw­ren­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­myn­dan çy­kan meş­hur ki­tap­lar tu­tan­ýer­li zäh­me­tiň mi­we­si­dir. Ola­ryň bi­ri bol­sa “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­by­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­dew­le­re goý­ýan aý­ra­tyn sar­pa­sy ede­bi dö­re­di­ji­li­gin­de yl­ham çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hut şol se­bäp­li hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow, köp­lenç, özü­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da­ky iş ota­gyn­da ýa­zy­jy­lyk zäh­me­ti bi­len meş­gul­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň be­dew­le­re bo­lan söý­gü­si­ni tu­tuş kal­by bi­len ka­bul ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke at­la­ry­nyň ab­ra­ýy­ny we şöh­ra­ty­ny be­len­de gal­dyr­mak, pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly at­şy­nas­lyk däp­le­ri­ni ös­dür­mek hem-de dün­ýä­de wa­gyz et­mek ýö­rel­ge­le­ri­ni döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly ki­tap­la­ry dö­ret­di. Olar en­çe­me dil­le­re ter­ji­me edil­di hem-de at­çy­lyk ul­ga­myn­da hü­när­men­le­riň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň iş­le­ri­niň dür­li dil­ler­de ne­şir edil­me­gi di­ňe bir köp ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ga­dyr goý­ýan hü­när­men­ler üçin däl, eý­sem, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin hem aja­ýyp be­dew­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Mil­li Li­de­ri­miz öz dö­re­di­ji­li­gin­de dün­ýä­de uly şöh­ra­ta eýe bo­lan we türk­men hal­ky­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­ly­gy dö­ret­mek uky­by­ny äş­gär eden ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ahal­te­ke be­dew­le­ri ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ýyl ýaz­gy­çy-ta­ryh­çy­la­ryň hem-de şa­hyr­la­ryň, su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň we çe­per dö­re­di­ji­li­ge yk­ba­ly­ny bag­lan beý­le­ki adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir. Türk­me­nis­ta­nyň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, onuň aja­ýyp­ly­gy, aý­ra­tyn-da, güýz pas­ly­nyň baş­lan­gy­jyn­da eme­le gel­ýän ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy adam­la­ryň ru­hu­ny gö­te­rip, yl­ha­my­ny joş­dur­ýan ýag­da­ýy dö­red­ýär. Şu­nuň ýa­ly özü­ne çe­ki­ji aja­ýyp­lyk türk­men te­bi­ga­tyn­da oňyn tä­si­ri bo­lan gaý­ta­lan­ma­jak gud­ra­tyň bar­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ja­han ýag­ty­lan­dan soň ede­bi dö­re­di­ji­lik işi­ni ta­mam­lap, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sak­lan­ýan at­ha­na­sy­na bar­dy we be­hiş­di be­dew­ler bi­len di­dar­laş­dy. Be­dew atyň ça­py­şy­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­dy­gy­na göz ýe­ti­rip, mil­li Li­de­ri­miz be­de­wi eýer­le­di. Bu pur­sat­lar adam bi­len be­de­wiň tä­sin saz­la­şy­gy­nyň my­na­syp my­sa­ly­dyr. Hal­ky­myz­da bu saz­la­şyk döw­let­li­li­ge, bag­ty­ýar­ly­ga deň gö­rül­ýär. Ala­da bi­len gur­şal­ýan be­dew­ler jo­gap hök­mün­de yn­sa­na öz ho­şal­ly­gy­ny we yna­my­ny bil­dir­ýär. Ahal­te­ke be­dew­le­ri kat­dy-ka­ma­ty bi­len öz daş­ky sy­pat­la­ry­ny we ok­gun­ly uky­by­ny sak­lap bil­ýän be­den gur­luş­la­ry­nyň ne­pis­li­gi hem-de deň­siz-taý­syz öl­çeg­le­ri bi­len he­mi­şe haý­ran gal­dy­ryp gel­ýär. Dün­ýä­niň bel­li at­şy­nas­la­ry ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni gö­zel­li­giň iň kä­mil nus­ga­sy hök­mün­de yk­rar ed­ýär­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­kyn wagt­da at­ ça­py­şyk­la­ry­nyň güýz­ki möw­sü­mi­niň baş­lan­jak­dy­gy­ny aý­dyp, iki­ýa­şar be­dew­le­riň hem bu ýa­ryş­la­ra go­şu­lyp bil­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­dew­le­riň de­giş­li ýa­ryş­la­ra uý­gun­laş­ma­gy­ny ola­ryň te­bi­gat ta­ra­pyn­dan ber­len ýyn­dam­lyk de­re­je­si­niň art­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu be­de­wi eýer­läp, ony at­ha­na­dan çy­kar­dy, top­lu­myň çä­gin­de bar bo­lan ýö­ri­te meý­dan­ça­da aý­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na, ba­ha­syz gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­gy, ola­ry se­ýis­le­me­gi we at çap­ma­gy özü­niň esa­sy en­dik­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­di. «At rysgy alnynda», “Atly öý — döw­let­li öý”, “Atym bar — ga­na­tym bar” ýa­ly paý­has­ly jüm­le­le­ri dö­re­den hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr go­ýup­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa bu ýag­şy des­sur­lar gö­nü­den-gö­ni mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, türk­men be­dew­le­ri­niň hem-de mil­li at­şy­nas­ly­gyň şöh­ra­ty hem-de at-ab­ra­ýy bar­ha art­ýar, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li at­çy­lyk pu­da­gy dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­miz be­de­wi bir­nä­çe wagt aý­lan­dan soň, oňa at­lan­dy-da, ýu­waş-ýu­waş aty öz er­ki­ne goý­ber­di. Be­dew ýö­ri­şi­ni çalt­lan­dy­ryp, gor­gun, ýor­ga­la­ma ýa­ly ýö­riş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Ça­pyk­su­wa­ryň buý­ruk­la­ry­ny ber­jaý edip, be­dew çap­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­rin­de özü­ni gör­kez­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­gy we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy, bir ta­rap­dan, hal­ky­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­niň hem-de nu­ra­na umyt­la­ry­nyň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň aýaw­ly sak­lap gel­ýän däp­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­dew bi­len bo­lan ça­py­şyk­ly ge­zi­min­den soň­ra onuň eýe­ri­ni aýyr­dy we be­de­wi at­ha­na elt­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow at­çy­lyk top­lu­myn­da ama­la aşy­ran iş­le­ri­ni ta­mam­lap, bu ýer­den ug­ra­dy.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow