Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry
Jemgyýet
Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry
Çap edildi 19.09.2018
2191

Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki Pa­ra­hat — 7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da gurlan tä­ze köp gat­ly jaý­la­ryň iki­si umu­my­mil­li baý­ram­çy­ly­gyň — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da aş­ga­bat­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy. Şä­her hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň hem-de bagt­ly öý eýe­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da tä­ze jaý­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di. Aş­ga­bat gün­sa­ýyn gö­zel­le­şip, dün­ýä­niň owa­dan paý­tagt­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ok­gun­ly ke­ma­la gel­ýän me­ga­po­li­siň çäk­le­ri­ni gi­ňeld­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ra­ýat­la­ryň oňaý­ly ýa­şa­ma­gy hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin amat­ly şä­her gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, göw­ne­jaý dynç al­mak we wag­ty­ňy peý­da­ly ge­çir­mek üçin hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek we­zi­pe­le­ri­ni paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­di. Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş et­rap­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di, ze­rur bo­lan äh­li dü­zü­mi, bag-se­ýil­gäh top­lum­la­ry bo­lan tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry peý­da bol­dy, des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si gu­rul­dy, şo­la­ryň ara­syn­da ab­raý­ly hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ň sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan bi­na­gär­lik we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki pi­ki­riň des­ga­la­ry az däl­dir. Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta-gün­do­gar bö­le­gin­de ýer­le­şen Pa­ra­hat-7 et­rap­ça­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn ýa­şa­ýyş jaý gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr, bu ýer­de aş­ga­bat­ly­la­ryň müň­ler­çe maş­ga­la­sy aja­ýyp öý­le­re gö­çüp bar­dy­lar. Tä­ze Pa­ra­hat-7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­my et­rap­ça­ny gur­ma­gyň bir bö­le­gi hök­mün­de bat­ly dep­gin­ler bi­len bi­na edil­ýär. Bu top­lum Ýu­nus Em­re, Al­ty Gar­ly­ýew, Ba­ba An­na­now hem-de “10 ýyl aba­dan­çy­lyk” kö­çe­le­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki umu­my meý­da­ny 30 gek­tar­dan gow­rak bo­lan ýer­de gu­rul­ýar. Şu ýer­de eý­ýäm gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len 9 gat­ly jaý­la­ryň 27-sin­den 8-si, 600 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep hem-de 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy, sag­lyk öýi we söw­da mer­ke­zi ulan­ma­ga be­ril­di. Gel­jek­de mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­si bo­ýun­ça bu ýer­de ýe­ne-de bir mek­de­bi we ça­ga­lar ba­gy­ny gur­mak bel­le­nil­di. Şu gün bagt­ly jaý eýe­le­ri köp gat­ly jaý­la­ryň iki­sin­de otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan öý­le­riň 144-si­niň aça­ry­ny al­dy­lar. Bir­meň­zeş jaý­lar bin­ýat­la­ry­nyň, üçek­le­ri­niň, ör­tük­le­ri­niň, di­war­la­ry­nyň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­niň esa­syn­da tas­la­nyl­dy, şo­lar ti­mar­la­nan­da döw­re­bap ýy­ly­lyk sak­laý­jy se­riş­de­ler ula­nyl­dy. Jaý­la­ryň bi­ri bir, iki, üç hem-de 4 otag­ly öý­le­riň 108-sin­den yba­rat bo­lup, ikin­ji jaý­da dört we bäş otag­ly öý­le­riň 18-si bar, ola­ryň uly ýa­şa­ýyş meý­da­ny bar. Aş­ha­na, eý­wan — bu­la­ryň hem­me­si ýo­ka­ry amat­ly­ly­gyň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Öý­ler­de otur­dy­lan ýo­ka­ry hil­li me­bel­ler ýur­du­my­zyň önüm­le­ri bo­lup, döw­re­bap be­ze­ge eýe­dir. Dür­li-dür­li dur­muş teh­ni­ka­la­ry bol­sa, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň ön­dü­ren tä­ze nus­ga­la­ry­na ky­bap gel­ýär. Tä­ze jaý­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryl­dy, şol ýer­de ça­ga­la­ryň oý­na­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­mak, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri we da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek üçin meý­dan­ça göz öňün­de tu­tul­dy. Jaý­la­ryň tö­we­re­gin­de gül eki­len aý­man­ça­lar, gül­ça­nak­lar, ýol yşyk­la­ry­nyň oý­la­ny­şyk­ly ul­ga­my gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar. Dü­kan­la­ry bo­lan söw­da ba­za­ry hem ýa­kyn­da ýer­leş­ýär. Açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lan mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky ala­da­nyň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça ägirt uly dur­muş tas­la­ma­syn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň äh­li ugur­daş dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mek­de ul­gam — top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­ni üp­jün ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. Ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­ri üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ren da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ýe­tip gel­ýän şan­ly se­ne — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, berk jan sag­lyk hem-de “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry öňe sür­ýän sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze giň ge­rim­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. *** Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze des­ga­la­ryň bir­ba­da iki­si — aş önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wod hem-de ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­di. Olar da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de bi­na edil­di. Şä­her hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ryň bar­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy hem-de azyk se­na­ga­ty­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ugur­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­da iri bug­daý üwe­ýän, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk we ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Şun­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be esas hök­mün­de ula­ny­lyp, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Azyk ha­ryt­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýan kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy bi­na edil­di. Bu giň ge­rim­li iş­le­re yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­ýar­lar, olar bu pu­dak­lar­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar­lar. Bal­ka­na­bat­da gur­lan aş önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze za­wod mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan kö­pu­gur­ly hu­su­sy kär­ha­na ta­ra­pyn­dan “Se­na­gat” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň be­ren kar­zy­nyň ha­sa­by­na bi­na edil­di. Kär­ha­na döw­re­bap ita­li­ýan en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 270 ton­na önü­me deň­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de aş önüm­le­ri­niň on­lar­ça gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gi öz­leş­di­ri­lip, 0,5 we 5 ki­log­ram bo­lan gap­la­ra gap­la­nan hem-de “PG” ha­ryt­lyk ny­şa­ny as­tyn­da ýer­le­nil­ýär. Ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my bol­sa tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ila­ty gök önüm­ler bi­len üp­jün eder. Onuň üçin gün­ba­tar se­bi­tiň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň go­la­ýyn­da ýer bö­le­gi be­ril­di. Bu des­ga hem ýer­li hu­su­sy kär­ha­na­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­na edil­di. Il­ki­baş­da bu ýer­de 0,5 gek­tar ýer­den ýyl­da ýo­ka­ry ha­syl­ly ýer­li we da­şa­ry ýurt sort­la­ryn­dan bo­lan po­mi­do­ryň 200 ton­na­sy­ny ýyg­nap al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýa­kyn gel­jek­de onuň ýa­nyn­da bir­meň­zeş kuw­wat­lyk­da­ky ikin­ji ýy­la­dyş­ha­na­ny gur­mak hem-de ne­bit­çi­ler şä­he­ri­niň we ýa­kyn şä­her­çe­le­riň söw­da ul­ga­my­na ibe­ril­ýän ýo­kum­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tä­ze des­ga­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ha­ryt­lyk tek­lip­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek hem-de uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ba­za­ry­ny bu önüm­ler bi­len dol­dur­mak, ýer­li se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek ba­bat­da te­le­ke­çi­le­riň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­me­giň no­bat­da­ky my­sa­ly­na öw­rül­di. *** Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň ýa­şaý­jy­la­ry şan­ly baý­ram­çy­ly­ga — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne aja­ýyp sow­gat al­dy­lar. Şu gün bu ýer­de tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­di. Ol 4 gat­ly jaý­la­ryň dör­dü­sin­den yba­rat bo­lup, ola­ryň her bi­rin­de dört we üç otag­ly öý­le­riň 24-si bar. Gur­lu­şy­gyň bar­şyn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gik en­jam­lar we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň döw­re­bap şä­her gur­lu­şy­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, tas­la­ma­sy ýer­li hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan ýo­ka­ry amat­lyk­ly jaý­lar A.Ny­ýa­zow kö­çe­si­niň bi­na­gär­lik gör­kü­ne görk goş­dy. Top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň Türk­me­na­bat gur­lu­şyk önüm­le­ri za­wo­dy hem-de Türk­me­na­ba­dyň “De­mir­be­to­nö­nüm­le­ri” kär­ha­na­sy gat­naş­dy­lar. Hä­zir bu kär­ha­na yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da top­lum­la­ýyn dur­ky tä­ze­le­nen­den hem-de döw­re­bap­laş­dy­ry­lan­dan soň, şä­her­ gur­lu­şyk des­ga­la­ry­na ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk önüm­le­ri­ni hem-de jaý gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni esa­sy iber­ýän kär­ha­na öw­rül­di. Bu ýer­de döw­re­bap en­jam­lar we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry iş­le­ýär, şo­lar Ger­ma­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den ugur­daş teh­ni­ka­la­ry ön­dür­ýän da­şa­ry ýurt­ly bel­li önüm ön­dü­ri­ji­ler­den sa­tyn alyn­dy. Tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň öý­le­rin­de ýa­şaý­jy­lar üçin äh­li amat­ly şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Üçek­le­ri be­ýik we oňat ti­mar­la­nan giň ýag­ty otag­lar, aja­ýyp en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na hem-de eý­wan tä­ze jaý eýe­le­ri üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der. Ýa­na­şyk ýer­ler aba­dan­laş­dy­ry­lyp, ba­gy-bos­san­ly­ga bü­rel­di, şol ýer­de giň ça­ga­lar meý­dan­ça­sy en­jam­laş­dy­ryl­dy. Top­lu­myň çä­gin­de toý we beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin 300 orun­lyk bi­na göz öňün­de tu­tul­dy. Toý ly­ba­sy­na bes­le­nen tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my jaý eýe­le­ri­ni gu­jak açyp gar­şy­la­dy, ar­tist­le­riň aý­dym-saz­ly we tans­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­ly­gyň şow­hu­ny­ny art­dyr­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na we­la­ýat, şä­her hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, türk­me­nis­tan­ly­la­ry ýo­ka­ry amat­lyk­ly jaý­lar bi­len üp­jün et­mek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Olar ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Şol öz­gert­me­le­riň esa­syn­da bol­sa adam ha­kyn­da ala­da dur­ýar. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän şu ýyl Amy­der­ýa­nyň bo­ýun­da­ky şä­he­riň ta­ry­hy­na aja­ýyp sa­hy­pa hem-de ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­ma­gyň we ulan­ma­ga ber­me­giň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler ýy­ly hem-de no­bat­da­ky şä­her­ gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy hök­mün­de he­mi­şe­lik gi­rer. Bu ýer­de ýa­kyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň gü­nor­ta­syn­da, ga­dy­my Amul ga­la­syn­dan ba­dal­ga al­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýy­lyň tom­sun­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da her bi­ri 32 öý­den yba­rat dört gat­ly jaý­la­ryň 17-sin­den hem-de iki gat­ly kot­tej­le­riň 170-sin­den yba­rat ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Şeý­le hem bu ýer­de 600 orun­lyk or­ta mek­dep, söw­da mer­ke­zi, ça­ga­lar ba­gy, dur­muş hyz­mat­la­ry öýi we dur­muş-je­ma­gat ul­ga­my­nyň beý­le­ki des­ga­la­ry bi­na edi­ler. Şol gün mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da her bi­ri 40 maş­ga­la ni­ýet­le­nen dört gat­ly jaý­la­ryň 22-sin­den yba­rat tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şu ýy­lyň iýu­lyn­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hem aja­ýyp sow­gat al­dy­lar. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de iri döw­re­bap, 830 orun­lyk we­la­ýat has­sa­ha­na­sy hem-de 40 öý­li jaý­la­ryň 6-syn­dan yba­rat sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şu gün­ki da­ba­ra­la­ryň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan iş­de ta­pa­wut­la­nan gur­lu­şyk­çy­la­ra gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow