Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy
Jemgyýet
Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2018
1870

Nýu-Ýork­da geç­ýän BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de umu­my ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de 26 — 27-nji sent­ýabr­da in­çe­ke­se­li ýok et­mek we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li iş mas­la­ha­ty geç­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­na Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hü­när ugur­ly dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri Baş As­samb­le­ýa gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de eden çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da hal­kyň sag­ly­gy­nyň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry hem-de 2030-njy ýy­la çen­li äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi sag­ly­gy go­raý­şyň mö­hüm ýag­da­ýy bo­lup, 2017 — 2021-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar, bu ul­gam­da top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ony dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň we hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, bir­nä­çe howp­ly ke­sel­le­ri ýok et­me­gi hem-de beý­le­ki öl­çeg­ler bo­ýun­ça ýag­daý­la­ry ep-es­li go­wu­lan­dyr­ma­gy ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Ila­tyň sag­lyk de­re­je­si­ni go­rap sak­la­ma­gy we ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de luk­man­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ul­ga­my­ny peý­da­lan­mak­dan has do­ly ne­ti­je al­ma­ga gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­ny iş­läp taý­ýar­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sag­ly­gy go­raý­şyň me­se­le­le­ri­ne örän giň çe­me­leş­me­le­ri iş ýü­zün­de or­naş­dyr­dy. Jan sag­ly­gyn­da ada­myň we maş­ga­la­nyň di­ňe bir aba­dan­çy­ly­gy däl-de, eý­sem, döw­le­tiň dur­nuk­ly­ly­gy, ýo­ka­ry de­re­je­de zäh­met çek­mä­ge bo­lan kuw­wa­tyň ze­rur şer­ti, me­de­ni de­re­jä­niň gör­ke­zi­ji­si, döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň has oňyn ýag­da­ýy gö­rün­ýär. Mu­nuň özi mil­li howp­suz­ly­gyň örän mö­hüm ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri­dir, ösen döw­le­tiň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Be­lent yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler, sag­ly­gy go­raý­şyň yl­my we hu­kuk esa­syň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, şä­her­ler­de we oba­lar­da luk­man­çy­ly­gyň äh­li de­re­je­ler­de Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­me­gi — bu­la­ryň hem­me­si sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň — luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, ýa­kyn we alys da­şa­ry ýurt­la­ryň köp san­ly uni­wer­si­tet­le­ri­niň, ins­ti­tut­la­ry­nyň, hal­ka­ra aka­de­mi­ýa­la­ryň hor­mat­ly aka­de­mi­gi, pro­fes­so­ry hem-de dok­to­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr. Ýur­du­myz­da bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­riň ýok edi­len­di­gi ha­kyn­da­ky hal­ka­ra şa­ha­dat­na­ma­lar, şeý­le hem bu ul­gam­da türk­men luk­man­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ni BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň ýurt­la­ryn­da ýaý­rat­mak üçin tek­lip edil­me­gi sag­ly­gy go­ra­mak ba­bat­da we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň je­del­siz yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Hu­su­san-da, jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy­na zy­ýan ýe­tir­ýän in­çe­ke­sel ýa­ly, uly howp ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­tan bu ke­se­le gar­şy gö­reş­mek­de iň tä­ze «DOTS», «DOTS Plus», «Stop TB» we «End TB» ne­ti­je­li stra­te­gi­ýa­la­ry ka­bul eden dün­ýä­de il­kin­ji ýurt­la­ryň bi­ri bol­dy. Esa­sy ka­nun­çy­lyk na­ma­lar hem-de Türk­me­nis­tan­da in­çe­ke­se­le gö­zeg­çi­lik et­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň gol­daw ber­me­gin­de yzy­gi­der­li tä­ze­len­ýär, şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu ul­gam­da ep-es­li oňyn öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­tan­da 2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin in­çe­ke­se­liň öňü­ni al­ma­gyň we oňa gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy 2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­tin­de in­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­na hem-de mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na do­ly ky­bap gel­ýär. In­çe­ke­sel gul­lu­gy il­kin­ji luk­man­çy­lyk-sa­ni­tar kö­me­gi­niň ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­dy, ul­gam­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk — mi­nistr­lik­le­riň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy. In­çe­ke­se­li anyk­la­ma­gyň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hä­zir­ki za­man bar­lag­ha­na bin­ýa­dy­nyň he­mi­şe gi­ňel­dil­me­gi hem-de ke­se­li ýü­ze çy­kar­ma­gyň iň tä­ze usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, bi­rin­ji we ikin­ji de­re­je­ler­de in­çe­ke­se­le gar­şy se­riş­de­le­re el­ýe­ter­li­li­giň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy, şeý­le hem iş tej­ri­be­si­ne be­jer­me­giň tä­ze ter­ti­bi­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça taý­ýar­lyk gö­rüş çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň 2016-njy ýyl­dan baş­lap, in­çe­ke­se­liň bar­lag­ha­na anyk­laý­şy üçin rea­gent­le­ri we sarp ediş se­riş­de­le­ri­ni hem-de ony be­jer­mek üçin il­kin­ji no­bat­da­ky se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy döw­let taý­dan üp­jün et­me­gi öz üs­tü­ne alan­dy­gy­ny bel­le­mek ze­rur. 2017-nji ýyl­da ke­pil­len­di­ri­len hi­li bi­len in­çe­ke­se­li anyk­la­mak we be­jer­mek üçin se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ge­tir­me­gi üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýur­duň ta­gal­la­la­ry­nyň yk­rar edil­ýän­di­gi hök­mün­de “In­çe­ke­se­liň öňü­ni al­mak” di­ýen hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Der­man se­riş­de­le­ri­niň Äh­lu­mu­my Gaz­na­sy Türk­me­nis­ta­na “In­çe­ke­se­le de­giş­li se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy ne­ti­je­li me­ýil­leş­dir­mek ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy” di­ýen at gow­şur­dy. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da in­çe­ke­se­le gö­zeg­çi­lik et­mek ul­ga­myn­da köp oňyn üýt­geş­me­ler bo­lup geç­di. BSGG-niň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, 100 000 ila­tyň ara­syn­da in­çe­ke­sel bi­len ke­sel­le­nil­me­gi 50 gö­te­ri­me go­laý azal­dy. Onuň ýü­ze çy­ka­ry­lan ýag­daý­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­si 2007-nji ýyl­da 48 gö­te­rim bo­lan­da­ky­syn­dan 2015-nji ýyl­da 80 gö­te­ri­me çen­li go­wu­lan­dy. Se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek­de ikin­ji ha­tar se­riş­de­le­riň de­re­je­si 2012-nji ýyl­da hiç zat bol­man­dy­gyn­dan baş­lap, 2015-nji ýyl­da 90 gö­te­ri­me çen­li art­dy. In­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy ýa­raw­syz­la­ryň be­je­riş al­ma­ga ta­rap ýyk­gyn et­mek­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär: dur­nuk­ly in­çe­ke­se­li bo­lan has­sa­la­ra der­man se­riş­de­le­ri ba­bat­da ýar­dam ber­ýär hem-de ola­ry be­jer­me­giň howp­suz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Türk­me­nis­tan in­çe­ke­se­li ýok et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri gi­ňelt­mek we güýç­len­dir­mek pi­ki­ri­ni do­ly gol­da­ýar hem-de BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­ne gi­rip, 2035-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li gu­ra­ma­nyň öňün­de dur­ýan gym­mat­lyk­la­ry, ýö­rel­ge­le­ri we mak­sat­la­ry do­ly paý­laş­ýar. BSGG hem-de ada­myň im­mu­no ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li dö­re­ýän ke­se­le, in­çe­ke­se­le we gyz­zyr­ma gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my gaz­na, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy (BMGÖM) we ABŞ-nyň Hal­ka­ra ösüş bo­ýun­ça agent­li­gi (USAID) ýa­ly beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we eda­ra­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry In­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­li­ge bes­len­me­gin­de öz go­şan­dy­ny goş­dy. Bu mak­sat­na­ma­ny öz­gert­mek we onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ryň esa­syn­da, umu­man, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­na gö­nük­di­ri­len ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­mä­niň ýa­tan­dy­gy­ny nyg­ta­mak mö­hüm­dir. Beý­le­ki iş mas­la­ha­ty, ýag­ny ýo­kanç däl ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky me­se­le ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu ul­gam­da hem Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan uly oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. Ýo­kanç däl ke­sel­le­re de­giş­li me­se­le­le­ri azalt­ma­gyň mö­hüm usul­la­ry­nyň bi­ri bu ke­sel­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly tö­wek­gel­çi­li­giň ýag­daý­la­ry­ny azalt­ma­ga ta­rap ta­gal­la­la­ry gö­nük­dir­mek­den yba­rat­dyr. Il­kin­ji no­bat­da, mu­nuň özi tem­mä­ki­ni ulan­ma­ga gar­şy gö­reş­dir, sag­dyn iý­mit­len­me­gi wa­gyz et­mek­dir we ýe­ter­lik fi­zi­ki iş­jeň­li­giň bol­ma­gy­dyr, şeý­le hem beý­le­ki öňü­ni alyş çä­re­le­ri­dir il­kin­ji luk­man­çy­lyk-sa­ni­tar kö­me­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­lip bi­lin­jek ke­sel­le­ri ir­ki ýag­da­ýyn­da ýü­ze çy­kar­mak we ola­ry wag­tyn­da be­jer­mek, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry goş­mak bi­len ola­ra gar­şy gö­reş­mek üçin gö­zeg­çi­lik ediş ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler­dir. Tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­na gar­şy gö­zeg­çi­li­gi üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak ba­bat­da bi­ziň ýur­du­myz aja­ýyp my­sal we nus­ga bo­lup hyz­mat edip bi­ler. Şu me­se­le­de BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na, şeý­le hem tem­mä­ki önüm­le­ri­niň bi­ka­nun söw­da­sy­ny ýok et­mek ba­ra­da BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň Tes­wir­na­ma­sy­na gol çe­kil­me­gi bi­len uly ösüş ga­za­nyl­dy. Anyk mag­lu­mat­lar şeý­le çä­re­le­riň aja­ýyp “ma­ýa go­ýum­lar” bo­lup dur­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär, se­bä­bi olar öz wag­tyn­da ge­çi­ri­len­de has çyl­şy­rym­ly be­jer­gi et­me­giň ze­rur­ly­gy­ny azal­dyp bi­ler. Şu iş­le­riň esa­sy­na “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy alyn­dy. Ol aşak­da­ky ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry: il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ös­dür­me­gi, şol san­da hü­när taý­dan taý­ýar­ly­gy we luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­me­gi, anyk­la­ýyş gul­lu­gy we pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­gi, öňü­ni alyş luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­me­gi hem-de ila­ty ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­me­gi özün­de jem­le­ýär. Bu mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da has uly ne­ti­je dur­muş sy­ýa­sa­ty bi­len ut­ga­şyk­lyk­da ga­za­nyl­ýar. Şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ry jem­gy­ýet­de sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ber­ka­rar bol­ma­gy, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­dan baş­ga-da, şy­pa­ha­na-dynç alyş we sport ul­ga­my­ny, sy­ýa­hat­çy­ly­gy we dynç al­şy özün­de jem­le­ýän döw­re­bap sag­lyk dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Bu­la­ryň äh­li­si iň be­ýik baý­lyk hök­mün­de sag­ly­ga uly ga­dyr go­ýul­ýan jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raý­şy­ny in­no­wa­sion ýol bo­ýun­ça ös­dür­me­giň bin­ýat­lyk esa­sy hök­mün­de luk­man­çy­lyk yl­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga örän uly üns ber­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de has äh­mi­ýet­li tap­gyr­la­ryň bi­ri ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça BSGG-niň I Ýew­ro­pa mi­nistr­ler mas­la­ha­tyn­da Aş­ga­bat jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bol­dy. Bu jar­na­ma Ýew­ro­pa se­bi­tin­de we bü­tin dün­ýä­de ýo­kanç däl ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça he­re­ket et­me­giň ug­ru­ny kes­git­le­di. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da tö­wek­gel­çi­li­giň esa­sy ala­mat­la­ry bo­ýun­ça BSGG-niň tek­lip­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da: Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li Mak­sat­na­ma, Ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa hem-de Ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li Mak­sat­na­ma ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na ýar­dam be­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy gür­rüň­siz­dir. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky ýag­daý­lar ba­ra­da anyk mag­lu­mat­la­ryň be­ril­me­gi bu hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şol hyz­mat­daş­lyk sag­lyk ba­bat­da esas­lan­dy­ry­lan sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ni gol­da­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň se­miz­li­gi (COSI), ýag, duz we şe­ker ag­dyk­lyk ed­ýän azyk­la­ryň hi­li (Fe­edcities), şeý­le hem tö­wek­gel­çi­li­giň esa­sy ýag­daý­la­ry­nyň ýaý­ra­ma­gy (STEPS) bo­ýun­ça bar­lag­lar ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan 2025-nji ýy­la çen­li tem­mä­ki­den azat ýurt bol­mak mak­sa­dy­na ýet­mek ug­run­da iş­le­ýär. Umu­man, bu mak­sa­da BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de äh­li çä­re­le­riň, şeý­le hem hu­su­san-da, ça­ga­la­ry tem­mä­ki­den go­ra­ma­ga we çi­lim çek­me­giň ýaý­ra­dy­ly­şy­nyň azal­dyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len has tä­ze bir­nä­çe çä­re­le­riň do­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy ar­ka­ly ýe­til­me­li­dir. Tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ýaş­la­ryň (GYTS), şeý­le hem ulu­la­ryň (STEPS) ara­syn­da ýa­kyn­da ge­çi­ri­len so­wal-jo­gap­lar çi­lim çe­kil­me­giň ýaý­ra­wy­nyň ýaş­la­ryň ara­syn­da 0,1 gö­te­ri­me, uly ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da bol­sa 3,4 gö­te­ri­me deň­di­gi­ni gör­kez­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň iş mas­la­ha­tyn­da, şeý­le hem ýo­kanç däl ke­sel­le­riň me­se­le­le­ri we psi­hi­ki sag­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça BSGG-niň ýo­ka­ry de­re­je­li II Ýew­ro­pa mas­la­ha­ty­nyň 2019-njy ýy­lyň 9 — 10-njy ap­re­lin­de ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi yg­lan edil­di. Onuň gün ter­ti­bin­de Aş­ga­bat jar­na­ma­syn­da ka­bul edi­len borç­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hä­zir­ki ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ýew­ro­pa se­bi­tin­de mun­dan beý­läk edil­me­li he­re­ket­le­re uly üns jem­le­ner.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow