Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy
Çap edildi 25.10.2018
2264

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde nobatdaky täze dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Üç we dört otaglardan ybarat täze bina Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda «Sülgün» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan paý esasynda guruldy. Ol bu ýerde gurlan beýleki köp öýli jaýlar bilen birlikde, şäheriň şu etrabynda döredilen ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi. Täze öýleriň giň otaglary bar. Dört otagly öýüň umumy meýdany 204 inedördül metr, üç otaglynyňky bolsa 171 inedördül metr meýdana barabardyr, otaglaryň her biriniň beýikligi bolsa üç metr otuz santimetre ýetýär. Her öýüň aýnaly giň eýwany, häzirki zaman mebeli bilen enjamlaşdyrylan aşhanasy bar. Bir söz bilen aýdylanda, gurluşykçylar we taslamaçylar täze öý eýeleri üçin iň ýokary amatlyklary döretmek babatda düýpli aladalandylar. Täze jaýyň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy. Görogly etrabynyň “Ýagtylyk” geňeşliginiň Boýunbaş obasynda bolsa durky täzelenen oba saglyk öýi gapylaryny giňden açdy. Bu işi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Daşoguzobagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Saglyk öýünde dermanhana, fizioterapewtika, stomatologiýa we akuşer-ginekologiýa, gündizki bejeriş, rentgen, hirurgiýa otaglary bar. Şolaryň hemmesiniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy lukmanlara ilata bejeriş we keselleri anyklaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Saglyk öýüni ýylylyk, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän desgalar düýpli döwrebaplaşdyryldy, ýanaşyk ýerler bolsa abadanlaşdyryldy. Şu ýerde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, soňky ýyllarda “Ýagtylyk” geňeşliginde döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ikisiniň, awtomobil köprüleriniň birnäçesiniň gurlandygyny, garaýollaryň onlarça kilometriniň bejerilendigini hem aýdyp geçmek ýerliklidir. Täze ýaşaýyş jaýynyň we durky täzelenen oba saglyk öýüniň dabaraly açylyşynda çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş ugurly syýasaty üstünlikli alyp barýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda hemişe alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow