Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy aýgytly göreşýär
Jemgyýet
Türkmenistan döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy aýgytly göreşýär
Çap edildi 08.12.2018
2001

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döwletimizde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de esasy halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe serişdeleri görkezilip, soňra olar howply önüm gaplanan haltalary ýörite peçlere okladylar. Şunda howply serişdeleri ýakyp ýok etmek işi bellenilen düzgünlere laýyklykda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçilik etmeginde geçirildi. Dekabryň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem tutuş adamzat üçin örän howply bolan döwrüň wehimine garşy durmaga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmäge döwletimiziň hem-de tutuş jemgyýetimiziň pugta ygrarlydygy barada gürrüň edildi. Milli Liderimiz neşe serişdeleriniň söwdasy hem-de olary ýaýratmak bilen meşgullanyp, tussag edilen adamlar, olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy baradaky hasabaty diňläp, jemgyýetimizde neşekeşlige orun bolmaly däldigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ýagdaýlaryň düýp-teýkary bilen öňüniň alynmalydygyny belläp, şunuň ýaly düzgün bozmalara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagy talap etdi. — Biz neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly, dünýä möçberindäki howpa garşy hereket edilmegini hemişe ösdürmelidiris. Neşe söwdasy ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup durýar, şoňa görä-de, şeýle işe baş goşan adamlaryň ählisi berk jeza çekmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreş alyp barmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlän Türkmenistan häzir köp ýurtlar üçin mynasyp nusga bolup hyzmat edip biler. Bu işlerde sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy örän uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary we howuzlary bolan mekdepler gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegi netijesinde 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirildi. Şu ýyl bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ýeňil atletika ylgaw ýaryşynyň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň sport durmuşyndaky bu ähmiýetli wakalaryň ählisi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň üstünliklerini we gazananlaryny dünýä görkezdi. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, kontrabanda temmäki önümlerini ýok etmek boýunça Bagabatda geçirilen bu çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen tarapynyň bu asylly başlangyjyna goşulyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu başlangyç ählumumy howplara hem-de döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow