Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Baýdagy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby Halkara kosmos stansiýasynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň Baýdagy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby Halkara kosmos stansiýasynda
Çap edildi 31.12.2018
2665

Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny goýmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny aýtdy. Ol bu kitaby we baýdagy 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda başlan HKS-iň nobatdaky missiýasyna öz ýany bilen almagyny mähriban Watanyna, milli Liderimiziň alyp barýan döredijilik we ählumumy ösüş syýasatyna goýýan hormatynyň nyşanydygyny nygtady. Şeýle hem kosmonawt doglan we önüp-ösen ýurduna aýratyn gadyr goýýandygyna we onuň gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny belledi. Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, bu kitabyň ýurdumyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda gazanýan üstünlikleriniň kosmiki giňişlikde ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Watandaşymyz Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal badalga berlen kosmiki maksatnamasynyň öz ösüşini dowam etjekdigine we beýleki watandaşlarymyzyň hem ýurdumyzy şöhratlandyryp, kosmonawtlar hatarynyň üstüni ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow