Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Jemgyýetiň we döwletiň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýoly bilen
Jemgyýet
Jemgyýetiň we döwletiň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýoly bilen
Çap edildi 16.02.2019
1735

Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär — 31-nji martda ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy hem-de ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna päk ýürekli zähmeti bilen watandaşlarynyň hormatyna we ynamyna eýe bolan halkyň mynasyp hem-de abraýly wekillerini saýlamagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna laýyklykda, bu ugurda ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüme badalga berildi. Onuň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň hem-de welaýat saýlaw toparlarynyň mejlisleri geçirilip, şolaryň barşynda, ilkinji nobatda, saýlawlara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini we geçirilmegini üpjün etjek çäreleriň meýilnamalary tassyklanyldy. Häzirki wagtda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň wekillerini görkezmek boýunça ýygnaklar geçirilýär. Tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny, şeýle hem kanunçylyga girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, resminamalary peýdalanmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek boýunça düşündiriş işlerini geçirdiler. Bu bolsa, ilkinji nobatda, ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagy, hödürlenýän dalaşgärler üçin birmeňzeş mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz-nesihat işleriniň erkinligi, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goralmagy, açyklyk we aýdyňlyk bolup durýar.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow