Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Dalaşgärleri bellige almak we saýlawçylar bilen duşuşyklar dowam edýär
Jemgyýet
Dalaşgärleri bellige almak we saýlawçylar bilen duşuşyklar dowam edýär
Çap edildi 23.02.2019
1718

31-nji martda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Häzirki wagtda degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşurylýar. Saýlawlar saýlaw okruglarynyň jemi 124-sinde, şol sanda: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 15-sinde, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa saýlaw okruglarynyň 102-sinde geçiriler. Şeýle hem dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Duşuşyklara dalaşgärleri hödürlän syýasy partiýalaryň, zähmet toparlarynyň, raýatlar toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýamyzyň barha rowaçlanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar, şeýle hem saýlawçylary möhüm ähmiýetli bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine işjeň gatnaşmaga çagyrýarlar. Duşuşyklarda dalaşgärleriň ynanylan adamlary saýlawçylary dalaşgärleriň terjimehaly bilen tanyşdyrýarlar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde kanunçykaryjylyk we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna halk wekilleri hökmünde hödürlenen dalaşgärlere aýratyn orun degişlidir. Ähli dalaşgärlere saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak hem-de ony wagyz etmek üçin deň derejede mümkinçilikleriň we hukuklaryň berilýändigini bellemek gerek. Duşuşyklaryň dowamynda dalaşgärler saýlawçylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berýärler, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak üçin hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine ähli başarnyklaryny, tejribesini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna saýlawçylary ynandyrdylar.

Soňky habarlar
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
top-arrow