Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
Jemgyýet
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
Çap edildi 25.02.2019
2438

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Rumyn wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň täzeçil usuly ähli ulgamlaryň hem-de pudaklaryň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny we ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär. Munuň özi döwrebap aň-düşünjeli nesilleriň kemala getirilmegini, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleriň, döredijilikli pikirlenýän we ylmy-tehniki ösüşiň ähli gazananlaryndan baş çykarýan işgärleriň köpçülikleýin taýýarlanylmagyny talap edýär. Hut şu meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we dünýägaraýyşlarynyň giňemegi üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, ylmy diplomatiýanyň ösdürilmegi möhüm hasaplanylýar. Munuň özi bilim, tehnologiýa, ylym we döredijilik serişdeleriniň alşylmagyny, şol bir wagtyň özünde döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegini, pugta dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Duşuşykda türkmen wekiliýetiniň 2018-nji ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Rumyniýa bolan saparynyň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn ylym, bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrülendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Braşow şäherindäki Transilwaniýa uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky esasy ylalaşygyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Rumyn wekiliýetiniň agzalary iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän we täze mazmun bilen üsti ýetirilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän bilim ulgamyndaky maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şu günki duşuşygyň jemleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda şu ýylyň 19-njy fewralynda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan bilim, ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllaryň çäreleriniň meýilnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti hem-de multimediýa, elektron serişdelerini ösdürmek boýunça ylmy-usulyýet maglumatlaryny alyşmak, bakalawrlary we magistrlary taýýarlamagy, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek, uzak aralykdan okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýakyn geljekde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny okuw sapaklaryny okatmaga çagyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu ýere ýygnananlar meýilnamanyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işgärleri taýýarlamak babatynda öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim we ylym ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite sapaklary guramak meýilleşdirilýär. Myhmanlaryň Türkmen halysynyň milli muzeýine, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary üçin gezelençler guralýar.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow