Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde
Jemgyýet
Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde
Çap edildi 26.02.2019
1518

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler. Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr. Hazar deňzi — dünýäde iň uly içerki suw ulgamy. Deňizleriň arasynda Hazar tebigy künjekleriň gözelligini, sahawatly tebigat we haýwanat dünýäsini saklap gelýär hem-de adamzadyň genji-hazynasy diýlip hasaplanýar. Bu baýlyklara aýawly garamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyny saklamak arkaly deňziň jümmüşinde ýerleşýän ummasyz mineral baýlyklardan we uglewodorod serişdeleriniň gorlaryndan rejeli peýdalanmak — Hazar sebitinde ýaşaýan, şeýle hem Ýer ýüzündäki halklaryň rowaçlygyna gönükdirilen hut şu maksatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ekologiýa boýunça ýöredilýän hem-de işjeň ýagdaýda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde berjaý edilýän syýasatyň özenini düzýär. Türkmenistan bu ulgamda maksadalaýyk işleri alyp barýar. Hususan-da, ýurdumyzda Hazaryň meseleleri boýunça pudagara topary döredildi we netijeli işleýär. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriň gelen netijesine görä, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýa babatda has amatly hasaplanýandygyny bellemek gerek. Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda we tutuşlygyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara hem-de sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny görkezmek bolar. Bu toplumy döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bular bolsa daşky gurşawa ýetirilýän tehnogen zyýanyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. «Ýaşyl port» (Green port) halkara ülňülerine laýyklykda, 2018-nji ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak üçin terminallaryň her birinde bioarassalaýjy enjamlar ornaşdyryldy. Deňiz portunyň gurluşygy mahalynda çykarylan topragyň deňiz aýlagynyň akwatoriýasyndaky 170 gektar meýdana barabar bolan emeli adany döretmek üçin ulanylandygy bellärliklidir. Bu ada gyzylinjik, guw, gaz, ördek, gotan we beýleki guşlaryň mesgen tutan hem-de gyşlaýan ýerine öwrüldi. Türkmenistan ekologiýa ulgamy ýaly örän wajyp ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi, beýleki abraýly guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Awazada geçiriljek forum daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de olaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin oňat meýdança öwrüler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklarynyň hakyky gymmatlygyna göz ýetirmek ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda strategik çözgütleri kabul etmek, giň möçberli maýa goýum durmuş-ykdysady taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, olaryň daşky gurşawa täsirine baha bermek üçin zerurdyr.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow