Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ugry bilen
Jemgyýet
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ugry bilen
Çap edildi 29.03.2019
1790

Ýekşenbe güni, 31-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň aýry-aýry okruglar boýunça saýlawlary geçiriler. Şol gün ýurdumyzyň raýatlary özleriniň konstitusion hukuklaryny peýdalanmak bilen, halkymyzyň iň mynasyp we abraýly, ildeşlerimiziň arasynda hormatdan we ynamdan peýdalanýan wekiller üçin ses bermäge saýlaw uçastoklaryna bararlar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz etmek çäresi üstünlikli tamamlandy. Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputatlarynyň üçüsi, halk maslahatlarynyň agzalarynyň 20-si we Geňeşleriň agzalarynyň 102-si saýlanylar. Şunuň bilen baglylykda, 125 saýlaw okrugy hem-de 222 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 31-nji martda 7-den sagat 19-a çenli işlärler. Saýlawlaryň başlanjak senesinden ozal 10 günüň dowamynda haýsydyr bir sebäpler bilen şol gün ýaşaýan salgylaryndan başga ýerlerde bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermäge hukuk berilýär. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna 2 — 3 dalaşgär hödürlenildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dalaşgärleri görkezmekde deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döredilmegi babatynda kesgitlenilen giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy hem-de raýatlar toparlary öz dalaşgärlerini hödürlediler. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary guramaçylykly geçirmek boýunça giňişleýin maksatnama taýýarlanyldy, onuň çäklerinde dürli derejeli çäreleriň tutuş toplumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar uçastok saýlaw toparlarynyň düzümini tassyklady. Etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary, milli synçylar üçin okuw maslahatlary guraldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň çäklerinde her bir dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşyp, saýlawlaryň öň ýanyndaky öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik aldy, bu çäreler Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk laýyklykda we öz wagtynda geçirildi. Bu işlere jemgyýetçilik guramalary giňden gatnaşdylar, ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan degişli goldaw berildi. Ähli saýlaw okruglarynda, saýlaw uçastoklarynda geçirilýän işlere, şeýle hem ýekşenbe güni boljak saýlawlaryň barşyna milli synçylaryň topary gözegçilik ederler. 31-nji martda iň mynasyp dalaşgärlere ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna barjak raýatlar özleriniň saýlan wekilleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýerli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynanýarlar.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow