Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşoguzda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
Jemgyýet
Daşoguzda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
Çap edildi 09.05.2019
2246

Daşoguzda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tabşyrygy bilen gullygyň işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan täze jaý ulanylmaga berildi. 16 öýli dört gatly binany “Nowruz” etrapçasynda hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular. Täze jaýda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgallary üçin amatly şertler döredilen. Giň otaglar amatly ýerleşdirilipdir, hersinde aýnalanan eýwanlar we kömekçi jaýlar, mebeli ýetik aşhana bar. Jaýyň gurluşygynda we bezeginde ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanylypdyr. Onuň töweregi abadanlaşdyrylan, gezelenç zolagy döredilen, oturgyçlar we çyralar goýlan, gülli aýmançalar, çagalar üçin oýun meýdançasy, maşgala dabaralary we sadaka bermek üçin ýer, ulag goýulýan ýapyk ýerler abadanlaşdyrylan. Ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasyna Döwlet migrasiýa gullugynyň, Daşoguz welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulylar gatnaşdylar. Çeper höwesjeňler toparlary täze jaýa göçüp baranlary aýdym-sazly çykyşlary bilen gutladylar. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow