Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — Ýaponiýa: göni howa gatnawy
Jemgyýet
Türkmenistan — Ýaponiýa: göni howa gatnawy
Çap edildi 27.06.2019
1983

Şu gün türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny üstünlikli amala aşyran «Boing 777-200LR» ýolagçy uçary gondy. Şeýlelikde, türkmen howa ýollarynyň gatnawlarynyň üsti Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň paýtagty bilen baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur bilen ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda senagat we kommunikasiýa ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze döwrebap uçarlar bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi täze halkara gatnawyň açylmagyny şertlendirýär. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 26-njy iýunda bolan mejlisinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýurdumyzyň awiasiýasynyň möhüm orny barada aýdyp, döwletimiziň iri we abraýly halkara ulag guramalarynyň birnäçesiniň doly hukukly agzasy hökmünde ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokary derejede üpjün edýändigini nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi hem-de raýatlarymyzyň abadançylygynyň has ýokarlandyrylmagy täze halkara howa gatnawlarynyň açylmagyny şertlendirýär. Galyberse-de, howa uçarlarynyň tehniki üpjünçiligi we parky bu wezipäni çözmäge doly mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum maksatnamalary, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmek we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň köp görnüşiniň möçberini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň hem-de marketingiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Ýaponiýanyň işewür we maliýe toparlarynyň esasy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, ýurdumyzda köpden bäri hyzmatdaşlarymyz hasaplanylýan iri ýapon kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylygyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudygyny belläp, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşmagyň wajypdygyny aýtdy. Syýahatçylygyň ösdürilmegine köp sanly ýagdaýlar, şol sanda dünýäniň ähli ýurtlaryndan jahankeşdeleriň uly gyzyklanma bildirmegi hem-de ýurdumyzyň çäginde täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy oňyn täsir edýär. Milli Liderimiz täze ugurlaryň açylmagynyň ýolagçy gatnawlaryna artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam etmelidigini nygtap, bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şu ugur boýunça ilkinji howa gatnawynyň ýolagçylarynyň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işgärleriniň, syýahatçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolandygyny bellemelidiris. Hususan-da, şu uçuşda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy iki döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Aşgabat — Tokio göni howa gatnawy Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ugrunda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrar.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow