Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 06.12.2020
1028

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan, wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň bilermenleri hem-de beýleki hünärmenler degişli dünýä tejribesiniň syny, şol sanda işewürlik üçin pandemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak babatda işler bilen tanyşdyrdylar. Şu günki maslahat ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk şertlerini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri öz içine aldy. Ol “Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek” atly giň gerimli sebit taslamasynyň bir bölegidir. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, bu taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyry Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary üçin hem-de bazar ykdysadyýetine geçmek babatda özgertmeleri ilerletmekde ýurdumyzyň döwlet gullukçylarynyň we hususy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin örän bähbitli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe milli däl-de, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini nazara almak bilen, döwlete dahylsyz ugry döwrebap, ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň düzümini üýtgetmäge ugrukdyrýar. Telekeçiligi goldamagyň işlenip düzülen hem-de yzygiderli kämilleşdirilýän usullary türkmen işewürligini halkara hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli ilerletmegiň ygtybarly kepilidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçileri, edara-kärhanalary hasaba almak babatda ençeme düzgünleri kadalaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde, elektron resminama dolanyşygy işlenip taýýarlanyldy, “Bir bitewi penjire” ýörelgesi boýunça hasaba alyş ulgamy ornaşdyrylýar. “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şu ýylyň möhüm wakasy boldy. Bu Kanun elektron resminama ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar hem-de elektron resminamalary, elektron resminama dolanyşygyny we sanly hyzmatlary döwlet edaralarynyň işine ornaşdyrmagyň hukuk binýady bolup durýar. Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet derejesinde hasaba almak işleri ýakyn wagtda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna doly geçiriler. Eýýäm häzirden ýuridik şahslary döwlet hasabyna almak, täzeden hasaba almak hem-de ýapmak boýunça käbir düzgünler onlaýn görnüşde amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda hasaba almagyň merkezi diwany hem-de welaýat merkezlerinde hasaba almagyň ýerli ulgamy döredildi we işjeň hereket edýär. Munuň özi olaryň arasynda resminamalary ylalaşmak düzgünini aňsatlaşdyrdy. Ýuridik şahslaryň adyny tassyklamak hem-de olary hasaba almak üçin resminamalary tassyklamak babatda arzalary kabul etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bularyň hemmesi hasaba alyş bölümleriniň işini kämilleşdirmäge, ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmaga, hasaba alyş işlerinde raýatlaryň hem-de ýuridik şahslaryň maddy we fiziki çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, ýuridik şahslaryň atlaryny tassyklamak üçin arza bermek babatda onlaýn nusga girizildi. Şeýle hem, hasaba almak üçin tölegi kabul etmegi hem-de tassyklamagy onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär. Ýuridik taraplaryň döwlet sanawynyň täze maglumatlar binýadynyň düzümi işlenip taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda ýuridik şahslary hasaba almak hem-de onuň tertibini ýönekeýleşdirmek boýunça birnäçe elektron hyzmatlary işe girizmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň dowamynda şu wajyp mesele boýunça geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar peýdaly maglumatlary, pikirleri alyşmaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow