Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti
Medeniýet
Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti
Çap edildi 05.09.2021
11833

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýaş artistlere iberen Gutlagy zehinli çagalaryň bäsleşiginiň açylyş dabarasyna aýratyn watançylyk ruhuny çaýdy. Gutlagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow okady.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň uly ähmiýeti nygtalýar, ol körpeleriň kalbynda sungata söýgi döredýär, täze zehinleri ýüze çykarýar. Siziň şirin aýdym-sazlaryňyz, sazlaşykly tanslaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgüdir. Mähriban Diýara, il-günümize wepalylygyň belent nusgasydyr, ruhubelentligimiziň hem-de bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Siziň jadyly owazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, oňyn Bitaraplygymyzy, synmaz berkararlygymyzy wasp edýän, ýurdumyzyňdyr halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan sungatdyr diýlip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz geljekde hem olaryň sungatymyzy baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek üçin täze-täze aýdym-sazlary döretjekdiklerine, medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna, bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda guralýan “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly ösüp gelýän nesliň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga hem-de goldamaga, çeper höwesjeňligi, sungat ussatlygyny onuň ähli köpdürlüliginde ösdürmäge, milli saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmäge ýardam berýär. Bu bäsleşik synaglar we başlangyçlar, batyrgaý gözlegler üçin giň mümkinçilikler açýar, çagalary öz başarnyklaryny doly ýüze çykarmaga höweslendirýär.

Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary jemleýji konsertden — ozal şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda badalga alýar, birnäçe tapgyrda geçirilýär, olaryň netijesinde iň zehinliler kesgitlenilýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary — geljekki “ýyldyzlar” gatnaşdylar, geljekde olar milli sungatymyzyň şöhratyny belende götererler.

Türkmen topragy zehinlilere baýdyr, her bir maşgalanyň diýen ýaly öz artistleriniň — aýdymçylarynyň, sazandalarynyň ýa-da tansçylarynyň bardygy geň däldir. Olaryň döredijiligini ösdürmek üçin mümkinçilikleri açmak ýaş zehinleriň ýakynlarynyň, olaryň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň hem-de medeniýet işgärleriniň wezipesidir, sebäbi milli medeniýetimiziň okgunly ösmegi dörediji adamlaryň yhlasyna, döwlet tarapyndan zehinli çagalaryň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine esaslanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şu ýylyň şygary döredijilik gözden geçirilişine aýratyn ruhubelentlik berdi. Ýaşajyk aýdymçylar bedew bady bilen ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň ajaýyp gözelligini wasp etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlary wideoşekiller bilen sazlaşdy hem-de sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik döwletiň keşbini janlandyrdy.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly jemleýji konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Biz — Garaşsyzlygyň merjen dänesi” diýen aýdym bilen başlandy. Bu aýdym döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesil baradaky atalyk aladasyna bagyşlanýar. Türkmenistanda olaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar sungat diliniň üsti bilen ähli isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamak bagty barada söhbet açdylar.

Baýramçylyk konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda türkmen halkynyň şöhratly ruhy ýörelgeleri hem-de däp-dessurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalygy wasp edilýär.

Ýaş zehinleriň çykyşlary tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Olaryň ýüzlerçesi sahnada bolup geçýän joşgunly çykyşlara tolgunmak bilen syn etdiler, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Jemleýji konsert halk zehinleriniň çäksizdigini ýene bir gezek görkezdi. Konserte gatnaşyjylaryň ählisi hem-de köp sanly tomaşaçylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen “Arkadagly Watanyň bagtyýar balasy” atly aýdym konsertiň aýdyň jemlenmesine öwrüldi.

Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen, iň gowy we zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňijileriň atlary yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gymmat bahaly baýraklar hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň diplomlary, bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu sowgatlar geljekde olary ýeňiş gazanmaga, özleriniň döredijiliklerinde maksatlaryna ýetmäge höweslendirer.

Olaryň atlary ýakyn geljekde ýurdumyzyň saz sungatynda ýyldyz bolup ýalkym saçar, emma esasy zat olaryň öz kalbynda döredijilige, öz-özüňi açmaga yhlasy we gözellige söýgini saklamagy başarmaklarydyr.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de milli Liderimizi yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini ösdürip, Watanymyzyň abadançylygyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabara tamamlanandan soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň adyndan Ahal welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow