Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň wekiliýetini 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabrynda ýurdumyzda kabul etmek hormatyna eýe boldum.
Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 103 ýyllygyna gabat gelen sammitde kabul eden kararlarymyzyň ýurtlarymyzyň ynsanperwer, ykdysady, strategik mümkinçilikleriniň halklarymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de üpjün edilmegine gönükdiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn. Şulary göz öňünde tutmak bilen, geljekde hem “Türki dünýäniň asyry” garaýşymyzy durmuşa geçirmek ugrunda bilelikde has köp tagalla etjekdigimize umyt bildirýärin.
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň üstünlikli geçirilmegine goşant goşandygyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, belent hormatymy beýan edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.