Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýaş zehinleriň aýdymlary Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanýar “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
Ýaş zehinleriň aýdymlary Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanýar “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 08.09.2021
10769

Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilýär.

Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bu günki dabara milli Liderimiziň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasy bolan medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýaş aýdymçylary höweslendirmek babatdaky goldaw-hemaýatynyň hem-de atalyk aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz zehinli türkmen ýaşlaryna Gutlagynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýerine ýetiriljek sazlaryň we aýdymlaryň milli äheňlere, döwrebap öwüşginlere eýe bolup, diňleýjileriň göwün töründen orun almalydygyny belleýär. “Sungata sarpasy hemişe belent bolan türkmen halky ajaýyp döwrümiziň zehinli aýdymçylaryna — size guwanmaga haklydyr. Şonuň üçin hem siziň her biriňiz halkymyzyň ynamyny ödäp, öz zehiniňizi, ukyp-başarnygyňyzy, sungata söýgiňizi tüýs ýürekden açyp görkezmegi başarmalysyňyz. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, döredilen şertler sizi aýdym-sazyň jadyly dünýäsine, rowaç ýollaryna ganatlandyrmalydyr” diýip, milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz bäsleşige gatnaşyjylaryň medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin öz ukyplaryny we zehinlerini gaýgyrmajakdyklaryna hem-de halypa bagşylaryň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda medeniýet ulgamynyň wekilleriniň jogapkärçiligi aýratyn uludyr. Şunuň bilen baglylykda, ähli döredijilik işgärleriniň belent wezipesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, berkarar döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleri giňden wagyz etmekden, häzirki eýýamyň döredijilik ruhuny hem-de ýurdumyzyň okgunly ösüşini çeper şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de giň gerimli işler, milletimiziň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy häzirki zaman ýaş aýdymçylarynyň döredijiliginde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdymlarynda we sazlarynda öz beýanyny tapýar.

Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra ýeten iň zehinli aýdymçylar üçin bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda badalga bolar.

Ine, şu gün hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen ýaş zehinli aýdymçylaryň joşgunly aýdymlary ýaňlandy. Bäsleşige dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň okgunly ösmegi ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin has uly mümkinçilikleri açdy. Ýaş zehinler halkymyzyň özboluşly aýdym-saz sungatyna uly hormat goýmak bilen, beýik ruhy ýörelgelere esaslanýan köpasyrlyk milli aýdym-saz däplerimizi dowam edip, olary estrada sungatynyň häzirki zaman mümkinçilikleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýarlar.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar. Bu aýdymlarda gadymy mukamlar häzirki döwrüň heňleri bilen sazlaşykly utgaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren, paýtagtymyza bagyşlanan “Aşgabat” aýdymy baýramçylyk–konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertde milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Sahnada häzirki bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem çykyş etdiler. Olaryň köpüsi üçin “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşigi many-mazmuna baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Olaryň bilelikdäki çykyşynda “Arkadagym bilen barýarys öňe” aýdymy ýaňlandy.

Gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän “Siz zamanaň mähribany, Arkadag!” aýdymy bu konsertiň jemleýji pursady boldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda özygtyýarly ösüşiniň 30 ýyllygyny dürli ugurlarda gazanylan uly üstünlikler bilen belleýän ata Watanymyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýeňijileri yglan etmek bu döredijilik bäsleşiginiň iň tolgundyryjy pursady boldy. Bäsleşigiň guramaçylary döwlet Baştutanymyzyň ünsi we goldaw bermegi netijesinde, bu çäräniň ýaş zehinleriň barha köp sanlysyny öz hataryna çekýändigini hem-de olaryň hünär ussatlyklarynyň derejesini görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Olar öz aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikleri ussatlyk we joşgun bilen wasp etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň diplomlaryna we baýraklaryna mynasyp bolan ýeňijiler yglan edildi. Sylaglananlar milli Liderimize doly derejede döredijilik bilen meşgullanmaga, hünär taýdan ösmäge döreden ähli mümkinçilikleri üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Olar bu sylagy diňe bir beýik hormat we jogapkärçilik däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan özboluşly milli aýratynlyklarymyz bilen bir hatarda durýan sungatyň dörediji we birleşdiriji wezipesiniň ýene bir subutnamasy hökmünde kabul edýändiklerini bellediler. Ýeňijiler bu gün ýurdumyzda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleriň döredijilik üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň irginsiz aladalaryna mynasyp bolmagyň mukaddes borçdugyny aýtdylar.

Bu aýdym-sazly baýramçylyga gatnaşyjylaryň hiç biri ünsden düşürilmedi. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap edip, ýaş çeper höwesjeňler öz Ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaş zehinlerine hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sungatymyzy mundan beýläk-de baýlaşdyrmaga we dünýäde wagyz etmäge güýçlerini, zehinlerini hem-de ylhamlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow