Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri
Jemgyýet
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri
Çap edildi 21.10.2016
1917

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň 100 manat hümmeti bolan altyn we kümüş teňňelerini, şeýle hem şol teňňeleriň toplumyny çykardy. Teňňeleriň ýüz tarapynyň merkezinde gün şöhleleriniň ýokarsynda Türkmenistanyň kartasy we Garaşsyzlyk binasynyň şekili ýerleşdirildi. Onuň aşak çetinde ýurdumyzyň Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary goýlupdyr. Garaşsyzlyk binasynyň şekiliniň sag tarapynda şanly senäni alamatlandyrýan “ХХV” belgi, çep tarapynda bolsa bäş sany milli göllerimiz ýerleşdirildi. Teňňäniň ýokary başynda “ÝAŞASYN GARAŞSYZ, BAKY BITARAP” diýen ýazgy, aşak çetinde bolsa “TÜRKMENISTAN!” diýen ýazgy bar. Iki ýazgynyň aralygynda sekizburç görnüşindäki şekiller ýerleşdirilipdir. Teňňeleriň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy, onuň ýokarsynda bolsa ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy, aşak çetinde bolsa “ÝÜZ MANAT” ýazgysy, şeýle hem sekizburçly şekiller ýerleşdirilipdir. Altyn teňňäniň çep tarapynda onuň Au 916,7 derejesi, kümüş teňňäniň hem Ag 925 derejesi görkezilipdir. Altyn teňňäniň sag tarapynda onuň agramy (39,94 gram), kümüş teňňäniň sag tarapynda hem onuň agramy (28,28 gram) görkezilipdir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýörite şahadatnamasy bilen kepillendirilen ýokary hilli täze teňňeleriň diametri 38,61 millimetre barabardyr. Ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm senesi bolan şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda çykarylan täze teňňeler Türkmenistanyň gymmatly teňňeler toplumynyň üstüni ýetirer we ol ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň teňňe ýygnamaga höwesli köpsanly adamlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüler.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow