Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungaty dabaralanýar
Medeniýet
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungaty dabaralanýar
Çap edildi 27.06.2022
2025

Şu gün tutuş ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirildi we ol “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi. Sungat baýramçylygynyň çäreleri köpöwüşginliligi hem-de baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan döredijilikli işleriň dowamatlylygynyň subutnamasy boldy.

Dabaralar Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde gül goýmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary — kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň, ýaşlaryň wekilleri, şeýle hem döredijilik forumyna gatnaşyjylar bar. Ýadygärlige goýlan ajaýyp gül desseleri ynsanperwer şahyryň belent şahsyýetine we döredijilik mirasyna sarpa goýmagyň nyşanyna öwrüldi.

Binagärlik keşbi hem-de milli äheňdäki bezegleri bilen baý many-mazmuna eýe bolan Medeniýet hepdeliginiň derejesine laýyk gelýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda şu gün Maryda guralan döredijilik çäreleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrülen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konsert zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy belentden ýaňlandy, ýygnananlar ony uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten belent derejesi, onuň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, raýatlaryň watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär. Gutlagda: “Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri — ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir” diýlip nygtalýar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek, ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmak we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin ähli amatly şertleri döretmek baradaky aladasy, bu forumy ýokary derejede geçirmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli güýjüni, zehinini we döredijilik ylhamyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Konsert maksatnamasyny açan “Sungat toýun tutýar ili türkmeniň” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk çäresiniň özboluşly başlangyjy boldy. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Diýarymyzyň welaýatlarynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary sungatyň gudratly güýjüne bagyşlandy.

Mary welaýatynyň “Altyn asyr” tans toparynyň joşgunly çykyşy bilen sazlaşyklylykda ýaňlanan “Durnanyň” diýen halk aýdymy konsertiň bezegine öwrüldi. “Diňe öňe, Türkmenistan!” aýdymy türkmen halkyna hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri barada söhbet açýan wideoşekiller bilen utgaşdyrylan birnäçe çykyşlar tomaşaçylara ýetirildi.

Ýygnananlar bagşy-sazandalaryň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Bäş welaýat jem bolanda” atly folklor çykyşyny uly joşgun bilen garşyladylar. Onda ýerine ýetirijilik ussatlygynyň täsin usullary we özboluşlylygy, ýurdumyzyň her bir sebitine mahsus aýratynlyklar açylyp görkezilip, bularyň ählisi bilelikde saz medeniýetiniň köpöwüşginli çemenini emele getirýär. Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, belli sazandalar ussatlyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň iň gowy tans we folklor toparlary tarapyndan uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Medeniýet hepdeligini geçirmek hormatynyň paýtagtymyza berilmegi “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan dabaranyň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu sungat baýramçylygy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.

“Dehistan” aýdym-saz etnografiýa folklor toparynyň belli aýdymçylar bilen bilelikde ýerine ýetiren gadymy “Küştdepdi” tansy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu tans ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny baýlaşdyrdy.

Dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň — milli medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän eýýamynyň senasy bolup ýaňlanan “Arkadagly Serdarymyz sag bolsun!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Onuň dabaraly sazy bilen utgaşdyrylyp, häzirki döwrüň belent sepgitlerini, medeniýet ulgamynyň üstünliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Ýygnananlar Watanymyza aýratyn buýsanç duýgusy bilen bu ajaýyp watançylyk aýdymynyň sözlerini üns berip diňlediler. Köpöwüşginli baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine hem-de döredijilik ylhamyna ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüne sena bolup ýaňlandy.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow