Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
Aşgabatda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 13.09.2022
2663

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy.

Bu täze aýdym-saz bäsleşigi milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli şu ýylyň ýanwar aýynda esaslandyryldy.

Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlygy diýlip ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Ol parahatçylygyň we dostlugyň nyşany bolan bu sungatyň mizemez ähmiýetini aňladýar.

Köki asyrlaryň jümmüşine uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi we ruhy gymmatlyklary jemlenendir. Bagşy-sazandalar döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Köp ýyllaryň dowamynda asyl nusgasyny saklan bagşyçylyk sungaty döredijilik däpleriniň ýörelgelerini özünde jemläp, ol häzirki döwürde hem bagşy-sazandalaryň ussatlygy arkaly dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda milli medeniýetiň we sungatyň häzirki döwürde jemgyýetimiziň ruhy güýjüne, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyna öwrülýändigini belläp, ýaş bagşy-sazandalaryň döredijilikli zähmet çekip, aýdym-saz sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna we döwrebap baýlaşmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan şirin aýdymlar, milli saz gurallarymyzda çalýan joşgunly sazlaryňyz bagtyýar ildeşlerimizi il-ýurt bähbitli belent maksatlara ruhlandyrmalydyr. Özboluşly owazlary, şirin mukamlary bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan aýdym-saz sungatymyzy, milli bagşyçylyk ýollarymyzy kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan geljekde-de uly işler alnyp barlar” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bagşy-sazandalaryň arasyndaky bu döredijilik bäsleşigini ýokary derejede gurady. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşigiň esasy ýörelgesi ýaş nesillerde milli medeniýetimize bolan söýgini kemala getirmekden we olaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Şolaryň hatarynda gyzlaryň 4-siniň bardygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, türkmen gelin-gyzlary saz medeniýetiniň ösmeginde, onuň iň gadymy ýollaryndan häzirki zaman opera sungatyna çenli, aýratyn möhüm orun eýeleýär. Taryhyň dowamynda olaryň aýdym aýtmak we dutarda saz çalmak babatdaky deňsiz-taýsyz ukyplary barada birnäçe rowaýatlar döredilipdir. Halk sazlarynyň örän çylşyrymly nusgalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän zenan bagşylaryň bu ugurda belent derejelere ýetendiklerini bellemek ýakymlydyr.

Täze döredijilik bäsleşiginiň ýaş zehinleri ýüze çykarmak bilen bir hatarda, halypaçylyk däplerini berkitmekde, döwürleriň sungat bilen baglanyşygyny saklamakda, ýurdumyzda uly üns berilýän saz sungatyny wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidigini nygtamaly.

Taryhyň dowamynda halk sazandalarynyň we bagşylaryň sungatyna aýratyn hormat goýlandygy barada näçe diýseň maglumat bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň sungat mekdeplerinde we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýöriteleşdirilen bagşyçylyk sungaty bölümleri hereket edýär.

Türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutaryň ýadygärlikleri oturdylýar. Olaryň biri Aşgabat şäheriniň döwrebap ýollarynyň çatrygynda ýerleşdirilip, beýlekisi bolsa ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, Gündogarda aýdymçylaryň we sazandalaryň Piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň piriň aramgähiniň golaýynda oturdylan ýadygärlikdir.

Sazyň ähmiýeti, saz diplomatiýasy barada aýdylanda Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestini, onuň esasynda goýlan adybir filmi ýatlamaly. Hormatly Arkadagymyz özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda bu barada ýatlap, sungatyň parahatçylyk dörediji güýjüň senasydygyny nygtaýar.

Häzirki döwürde ýaşlar özleriniň halypalary bilen dürli bäsleşiklere we döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere, guralýan baýramçylyk çykyşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşylarynyň ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman halk bagşylary we sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we ösdürýärler. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar bu asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdiler.

Atlary häzirki güne çenli saklanýan we olar barada rowaýatlardyr aýdymlar döredilen milli saz sungatynyň görnükli wekillerine, ussat dessançylara bagyşlanan “Jadyly dutar” edebi-sazly kompozisiýa döredijilik bäsleşiginiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn mähir we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Jemleýji tapgyra tomaşa etmäge gelenler ýurdumyzyň sebitleriniň saz sungaty boýunça özboluşly aýratynlyklaryndan lezzet aldylar.

Konsert maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini we onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini şöhratlandyrmaga gönükdirilen çykyşlara möhüm orun berildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Arkadagly Serdar bilen” atly täze aýdymy bu ýerde guralan baýramçylyk çykyşlarynyň jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna bagyşlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we milli medeniýetimiziň kämilleşmeginiň bähbidine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň senasydyr.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda kümüş perdeli dutarlaryň parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän sazlary özboluşly owaz bolup ýaňlandy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemleýji bäsleşigiň iň bir tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi.

Çykyş edenler ýurdumyzda “Çalsana, bagşy!” atly täze bäsleşigiň yglan edilmeginiň we onuň dünýäde dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge, halypaçylyk däplerini berkitmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň üns we goldaw bermegi netijesinde geçirilýän bu bäsleşige döredijilik taýdan zehinli ýaş nesilleriň köp sanlysynyň gatnaşandygyny bellemeli. Olar özleriniň aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesini uly ruhubelentlik bilen wasp etdiler.

Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlara goldaw bermek, milli medeniýetimizi ösdürmek meselelerini ugur edinýän döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Bäsleşige gatnaşan ýaşlar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine we gadymy döwürlerden bäri ähli baýramçylyk dabaralarynyň möhüm bölegi bolan saz medeniýetiniň esasy nyşany — dutary wagyz etmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny we ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow