Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy miras halkyň ruhy baýlygydyr
Medeniýet
Taryhy miras halkyň ruhy baýlygydyr
Çap edildi 17.11.2022
5318

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine Gutlagy, şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmen halkyna Gutlaglary bilen açylýar.

“Açyşlar we täze işläp düzümler” bölüminde ýerleşdirilen “Salar Babanyň “Jamygut-taryh” eseri” atly makalada türkmen diline degişli ýazuw ýadygärlikleriniň biri bolan taryhy golýazma barada gürrüň berilýär. Bu golýazmanyň dünýädäki ýeke-täk nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýar. XVI asyryň ortalarynda ýazylan “Jamygut-taryh” atly eserde Samany, Garahanly, Gaznaly, Deýlemli döwletleriniň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhy beýan edilýär. Saklanyp galan ýazuw ýadygärlikleri türkmen halkynyň taryhyny we dil aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Şol bölümde ýerleşdirilen “Saýadynyň “Zöhre-Tahyr” mesnewisiniň XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatyna täsiri” atly makalada bu eseriň türkmen edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsiri barada gürrüň berilýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde ýerleşdirilen makalada Nurmuhammet Andalyp we Magtymguly Pyragy ýaly türkmen halkynyň görnükli şahyrlarynyň döredijiligi deňeşdirilýär. “Nusgawy edebiýatyň goşa ganaty” atly makalada Andalybyň döredijiliginiň Magtymgulynyň dünýägaraýşyna ýetiren täsiri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Şeýle-de okyjylaryň dykgatyna ýetirilen «Türkmenistanyň gadymy we orta asyr köprüleri” atly makalada degişli mowzuk boýunça giňişleýin maglumatlar getirilýär. “Türkmen halkynyň geçmişiniň maddy medeniýetiniň ýadygärlikleri” diýen giň düşünje diňe bir ajaýyp binagärligi, heýkeltaraşlygy, suratkeşligi, keramikany däl, eýsem, inženerçilik desgalaryny, şol sanda gadymy we orta asyrlardaky köprüleri hem öz içine alýar. Köprüler döwletleriň ykdysady, syýasy durmuşynda uly orun eýeläpdir.

“Ylmy we medeni durmuşyň habarlary” atly bölümde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşyndaky wakalara syn berilýär.

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylyşy öz beýanyny tapýar. Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilen neşir häzirki zaman sungat ussatlarynyň suratlary, seýrek arhiw materiallary we kartografik suratlar bilen bezelipdir.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow