Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisi
Medeniýet
Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisi
Çap edildi 14.12.2022
3812

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.

Gözden geçirilişde amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan, dünýä gymmatlyklary hasaplanylýan nepis halylar görkezildi.

Çeper elli ussat halyçylaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi bolan halylaryň her inedördül metrinde, adatça, 350 müňden 1 milliona çenli çitim bolýar. Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda arassa ýüňden dokalan hem-de her inedördül metrinde 1 million 355 müň çitim bolan täsin haly gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Türkmen halylarynyň gölleri we nagyşlary gaýtalanmajak reňk sazlaşygyny emele getirýär. Ýüpek halylar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Sergi bilen tanyşlyk “Tikinçilik sungaty” bölüminde dowam etdi. Türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilmegi onuň dünýä medeniýeti üçin uly ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasydyr. Sergi bölüminiň merkezinde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli senetçilik sungatyny dowam etdiriji — Ogulabat ejäniň döreden owadan nagyşly kürtesi aýratyn orun eýeleýär. Ogulabat ejäniň çeken keşdeleri çeper elli gyzlar üçin nusga bolup hyzmat edýär. Döwürleri we nesilleri birleşdirýän gadymy sungat zamananyň ruhuna laýyklykda ösdürilýär.

Türkmen halkynyň sungaty we ony dörediji ussatlar Ýer ýüzünde şöhratlanýar. Täsin milli senetçilik önümleri hem-de zergärçilik şaý-sepleri ähli döwürlerde olary synlanlary haýran galdyrypdyr.

Häzirki wagtda ýaşlaryň köp sanlysynyň zergärçilik senedi bilen meşgullanýandyklary milli sungatyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň dowamat bolýandygynyň subutnamasydyr.

Bütin dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem şekillendiriş sungatynyň ösdürilmegine, zehinli ýaşlaryň ýetişdirilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Täze eserleri döretmek üçin talabalaýyk şertler döredilýär.

Serginiň hormatly myhmanlary görkezilýän işler bilen höwesli tanyşdylar, olarda türkmenistanlylaryň durmuş ýörelgeleri, gündelik işleri hem-de bagtyýar durmuşy öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin medeni çärelerde halkymyzyň toý däpleriniň çeperçilik beýanyny tapýandygyny bellemek gerek.

Myhmanlar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryň we asylly däp-dessurlaryň möhümdigini bellediler. Çeper eserlerde ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine aýratyn üns berilýär. Asylly ýörelgeler, halkymyzyň köpasyrlyk däpleri döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýar we çeper döredijiligiň dürli görnüşlerinde, folklor we tans toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň döreden milli sungatynyň öz köptaraplylygy bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Halkymyz halyçylyk sungatyna aýratyn uly orun berýär. Türkmen halyçy zenanlary öz işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini we ady rowaýata öwrülen bedewleri janlandyrypdyrlar. Tebigy boýaglary ulanyp, dürli reňkdäki ýüplükleri almagy başarypdyrlar we olardan göreni haýran galdyrýan ajaýyp halylary döredipdirler. Halyçy zenanlaryň döreden eserleri nusga alarlykdyr.

Haly eserlerinde taryhy ýadygärlikler, häzirki zaman binagärlik desgalary, ajaýyp tebigat ussatlyk bilen şekillendirilipdir.

Folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Sergä gelýänler türkmen gelin-gyzlarynyň haly dokap oturan pursatlaryny synladylar. Halyçy zenan myhmanlara taýýar halynyň iň soňky çitimlerini kesip bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Hormatly myhmanlar bildirilen ynam üçin hoşallyklaryny beýan edip, şowhunly el çarpyşmalar astynda taýýar halynyň iň soňky çitimlerini kesýärler.

Soňra döwrebap görnüşde taýýarlanan milli lybaslar görkezildi. Lybaslaryň täze toplumlarynyň görkezilişine gatnaşýan gyzlaryň biriniň hem-de bu ulgamda işleýän ýigidiň şu gün toý tutýandyklary buýsançly ýagdaý boldy. Ýaş çatynjalaryň bagt toýunyň şu günki şanly waka bilen gabat gelmegi olar üçin goşa baýramçylyga öwrüldi.

Dürli reňkli matalar, inçelik bilen döredilen nagyşdyr keşdeler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow