Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär
Medeniýet
Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär
Çap edildi 24.05.2023
2773

23-nji maýda dostlukly döwletiň paýtagtynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleriniň ikinji güni geçirildi.

Rumyniýada biziň ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bildirilýär, milli däp-dessurlaryň baýlygy barada gürrüň berýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň eksponatlary görkezilen sergide munyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Halkymyzyň sungaty bilen tanyşmaga gelen köp sanly myhmanlara amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň ösüşini görkezýän özboluşly sergi bilen tanyşdyryldy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat», «Türkmen alabaýy», «Bereketli türkmen saçagy», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerine aýratyn orun berildi. 

Buharestdäki häzirki serginiň eksponatlarynyň her biri myhmanlary gadymy we baky gymmatlyklar barada söhbete çagyrýan ýaly. Ol zalda türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirýän milli aýdym-sazlary bilen sazlaşykly utgaşdy. 

Şeýle hem bu ýere gelýänlere Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty bilen tanyşdyrýan fotosuratlar görkezilýär. Sergidäki fotosuratlar depginli ösüşleriň bilen täze taryhy döwürde ýaşaýan ýurdumyz, Watanymyzyň özboluşly tebigaty, gadymy ýadygärlikleri we häzirki zamanyň gözel binalary, milli baýlygymyz – ahalteke bedewleri barada gürrüň berýär. 

Serginiň ikinji güni Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginiň türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän «Istärin» filmi hem görkezildi. Türkmen kinorežissýorlarynyň işi abraýly kinofestiwallarda, şol sanda şu ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa filmleriniň festiwalynda hem görkezildi.

Buharestdäki ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň giň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Türkmen dizaýnerleriniň işine abraýly, şol sanda ýewropa moda bilermenleri hem birnäçe gezek ýokary baha berdiler.

Şeýle hem şol gün, Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi, onda taraplar şu günler geçirilýän döredijilik forumynyň üstünlikli bolandygyny belläp, iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary geljekde-de ilerletmek barada pikir aýtdylar.

Türkmen wekilýeti üçin Buharestde, Dmitriý Gusti adyndaky 1936-njy ýylda esaslandyrylan we ýurtda ilkinji açyk asman astyndaky oba muzeýine tanyşlyk gezelenji guraldy.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow