Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Magtymgulynyň golýazmalar toplumy “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna girizildi
Medeniýet
Magtymgulynyň golýazmalar toplumy “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna girizildi
Çap edildi 28.05.2023
1161

Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Bu çözgütler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

ÝUNESKO-nyň 1992-nji ýylda döredilen “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslama bolup durýar. Maksatnama medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi maksat edinýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary taryhy mirasy gorap saklamak babatda ägirt uly işleri alyp barýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň wekiliýeti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Şol ýerde görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagy beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen türkmen halkynyň dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlar taryhy-medeni mirasyň aýawly saklanylmagyna we giňden wagyz edilmegine, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine durmuşa geçirýän medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow