Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Russiýaly sirk artistleri Arkadag şäherinde çykyş etdiler
Medeniýet
Russiýaly sirk artistleri Arkadag şäherinde çykyş etdiler
Çap edildi 02.07.2023
2837

Şu gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň tomaşasy guraldy. 

Russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda göz öňünde tutulýan tomaşalaryň çäklerinde geçirilýär.

Golaýda açylan ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň myhmanlary we ýaşaýjylary rus sirkiniň Altyn gaznasyna giren sirk şowhunynyň özboluşly çykyşlarynyň ilkinji tomaşaçasy boldular. 

Howa gimnastlary we ekwilibristler, tanap üstünde ýöreýänler we žonglýorlar sirk sungatynyň dürli görnüşlerinde çykyş etdiler. Baş öwredilen ýolbarslar, gaplaňlar we aýylar tomaşaçylary geň galdyrdy. Şeýle hem tomaşa şadyýan masgarabazlaryň çykyşlary bilen utgaşdy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynynyň çykyşy tomaşanyň naýbaşy çykyşy boldy. Bu meşhur topar türkmen sirk sungatynyň nyşanydyr. Akhan atly tanymal sirk bedewi çarpaýa galyp 10 metre ýöräp, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.

Halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiş gazanan, Sankt-Peterburgda, Italiýada we Hytaýda Naýbaşy Baýraklary eýelän, şeýle hem Gyrgyzystanda geçirilen Bütindünýä göçegçi taýpalar oýunlarynyň baş baýragyna mynasyp bolan türkmen ýigitleri ok kimin okdurylyp barýan ahal-teke bedewlerinde bendileýji tilsimleri görkezýärler. 

Täze Arkadag şäherinde Russiýanyň we Türkmenistanyň sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary 9-njy iýula çenli dowam eder.

Aşgabadyň ýaşaýjylary 10-njy iýuldan 7-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet sirkindäki çykyşlara tomaşa edip bilerler.

9-18-nji awgustda Daşoguz welaýatyndaky, 22-nji awgustdan 31-nji awgust aralygynda Lebap welaýatyndaky, 3-nji sentýabrdan 12-nji sentýabr aralygynda Mary welaýatyndaky we 15-nji sentýabrdan 24-nji sentýabr aralygynda Balkan welaýatynyndaky «Türkmeniň ak öýlerinde» russiýaly sirk artistelri çykyş ederler.

Sirk tomaşasyna petekler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde satylýar.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow